logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagymyz COP31-iň Liderler sammitine gatnaşdy ✦ ✦ COP31: Howanyň geljegi üçin dünýäni birleşdirýän maslahat ✦ ✦ COP31 maslahatynda suw serişdelerini rejeli peýdalanmaklyga aýratyn üns berildi ✦ ✦ COP31 maslahatynyň çäklerinde Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmek barada tematiki sessiýa geçirildi ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkezi Aşgabatda ýerleşer ✦ ✦ Antalýada dünýäniň ünsüni özüne çeken COP31 maslahaty öz işine başlady ✦ ✦ Merkezi Aziýa üçin howa tehnologiýalarynyň sebit merkeziniň esasy maksady ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Gözüň görejine zyýanly iýmitlerden daşda duruň!
  01.07.2022
1420
Gözüň görejine zyýanly iýmitlerden daşda duruň!

Bilşimiz ýaly kompýuteriň öňünde uzak wagtlap oturmak , ýa-da yzygiderli telefona,telewizora seretmek,olardan gelýän şöhleleriň gözüň görejine zyýanlydygyny bilýäris.Emma käbir gündelik durmuşymyzda peýdalanýan iýmitlerimiziň gözüň görejine zyýany barada  hat-da pikir hem edilmeýär.

            1.Ak çörek,2.Koffe,3.alkagol,4.Duz,5.Un we unaş önümleri,6.Buzgaýmak,7.Gowrulan iýmitler.8.Gazly suw we çips önümleriniň gözüň  görejiňe zyýanlydygyny ylym tassyklady.

Alkagol.  Alkagol içgileriniň içilmegi gözüň nerw öýjüklerini öldürýär,çalt ýadamagyna, yzly yzyna ýaşarmagyna sebäp bolýar.Alkagol içgileri göz almasyndaky gan basyşy ýokarlandyrýar, göze barýan damarlaryň ýoluny giňeldýär. Netijede dolulygyna görejiň ýitmegine getirýär.

Çörek. Unly önümler köp mukdarda özünde krahmal saklaýar, krahmalyň köp kabul edilmegi iýmit siňdirişde insulinuň köp bölnüp çykmagyna getirýär. Krahmalyň aşa köp siňdirilmegi göziň görejine täsir edýän baglaýjy beloklaryň mukdarynyň peselmegine getirýär.

Uglewody köp saklaýan iýmitler:Makaron, tüwi, unaş,kartoşka.Olaryň üznüksiz iýilmegi howa şertlerine baglylykda göz almasyndaky retinanyň merkezi bölegi bolan makulanyň işini bozýar.Şeýle iýmitleri çäkli iýmek maslahat berilýär.

Gazly suw, çipsi önümleri. diňe göze däl eýsem, aşgazan içege ýollarynda ýaralary döredýär.Tutuş bedeniň saglygyna zyýan ýetirýär.

 

Oguljemal BATYROWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby