Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Göz maşklary
  22.04.2023
1981
Göz maşklary

Adam her gün daş töwereginden maglumatlary özüne toplaýar. Onuň esasy bölegi gözüň göreji bilen bagly bolup durýar. Görüş bilen bagly näsazlyklaryň köpüsi aşa aşa işlemek zerarly ýüze çykýar. Şonuň üçin hem biz rahatsyzlygy, gurakçylygy we ýadawlygy başdan geçirýäris. Kiçijik ýaly bolup görünýän bu alamatlar görüşiň bozulmagynyň ilkinji alamatydyr.

Görüşdäki näsazlyklardan gaça durmak üçin «Göz üçin gimnastikalary» ýerine ýetirmeli. Irden ýa-da agşam, äýnek ýa-da kontakt linzalar aýrylandan soň maşklary ýerine ýetirmek maslahat berilýär.

1-nji maşk
3-5 sekunt gözüňi berk ýapmaly, 3-5 sekunt gözüňi ulaldyp açmaly. Bu maşky jemi 6-8 gezek gaýtalamaly. Bu maşk  gabaklaryň myşsalaryny güýçlendirýär. Gan aýlanyşa, göz myşsalarynyň gowulaşmagyna ýardam berýär. 

2-nji maşk 2-3 sekunt göni seredip durmaly. Sag eliň barmagyny gözüň 25-30 sm aralygynda ýüzüň orta hataryna goýmaly. Barmagyň ujuna seretmeli. Bu maşky 10-12 gezek gaýtalamaly. Ol ýadawlygy aýyrýar. Ýakyn aralykda görüş işini ýeňilleşdirýär. 

3-nji maşk 1-2 minudyň dowamynda gözleri çalt-çaltdan gyrpmaly. Gan aýlanyşyny gowulaşdyrmaga ýardam berýär. 

4-nji maşk sag eliň barmagyny  uzadyp, ýüziň orta arasyna ýerleşdirmeli. Biraz wagt geçen soň ýuwaş-ýuwaşdan ýakynlaşdyrmaly. Bu maşky 6-8 gezek gaýtalamaly. Yzygider işlenende gözüň çalt ýadamagynyň öňüni alýar. 

5-nji maşk gözleri ýumup, gözüň gabaklarynyň üstünde tegelek şekilli hereketler bilen massaž etmeli. 

6-njy maşk elleri sag tarapa almaly, ýarym egilen eliň barmagyny sagdan çepe süýşürmeli we kelläni hereketsiz ýagdaýda saklap, hereket edýän barmagyň hereketini gözüň bilen yzarlamaly. Bu hereketi 10-15 gezek gaýtalamaly. Bu maşky edil şu ýagdaýda elleri ýokary aşak hereketlendirip hem gaýtalamaly. Ol gorizontal göz myşsalaryny güýçlendirýär. 

7-nji maşk her eliň üç barmagy bilen gözüň gabaklaryny basmaly we aýyrmaly. Bu maşky 3-4 gezek gaýtalamaly. Ol gözleriň içindäki suwuklygyň aýlanyşygyny güýçlendirýär. 

8-nji maşk açyklyk meýdana çykyp uzak ýerdäki obýektlere dowamly seretmeli. Gözlerde agyrylar döreýär. Ol görejiňi ösdürmäge ýardam edýär. 

9-njy maşk günde iki gezek, irden we agşam gözleri ýuwmaly. Irden ilki bilen ep-esli gyzgyn suw bilen, soňra sowuk suw bilen ýuwmaly. Agşam gün batmazdan ozal bolsa ýaňkynyň tersine ilki sowuk we soňra gyzgyn suw bilen ýuwmaly. Oňa gidromassaž diýilýär. 

10-njy maşk gözleri tiz-tizden tegelek, dörtburçlyk, üçburçlyk, ýarym aýlaw, ýyldyzjyk şekillerde hereketlendirmeli. Ol gan aýlanyşy gowulaşdyrýar. 

 

Gyzylgul ÖWEZMYRADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.