logo

Latest news:
✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Gurbanlyk baýramy — ynsanperwerligiň we sahawatlylygyň baýramy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy ✦ ✦ Çagalaryň sözleýşini ösdürmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Aziýa ösüş bankynyň wekilleri bilen hyzmatdaşlyk meseleleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sanly aragatnaşyk - häzirki zaman ösüşiniň binýady ✦
Home / Agriculture /Gowaçanyň zyýankeşleri
  26.10.2023
990
Gowaçanyň zyýankeşleri

Gowaçada 200-den gowrak oňurgasyz jandarlaryň barlygy anyklanyldy. Olar ýaşaýyş ýeri we iýmit gatnaşyklary boýunça polifaglara, oligofaglara, monofaglara bölünýärler. Olaryň hemmesini howply zyýankeşleriň toparyna goşmak mümkin däl.Gowaçada iň howply zyýankeşler toparyna goşulýan mör-möjeklerden gowaça sowkasy, güýz sowkasy, karadrina, temmäki biti, şirejeler we akganatlyjalar degişlidir.Gowaça sowkasy (Helicoverpa armigera) teňneganatlylar otrýadynyň sowkalar maşgalasyna degişli görnüşdir.Ol ösümlikleriň 120-den gowrak görnüşine uly zyýan ýetirýär.Ol aýratynda gowaça, mekgejöwene, nohuda, pomidora, künjä we beýleki ekinlere uly zyýan berýär. Howa şertlerine baglylykda gyşlaýan gundagdan mart, aprel aýlarynda kebelekler uçup çykýarlar. Ilkinji uçup çykýan kebelekler haşal otlarda, ýorunjada we beýleki ir ýetişýän ösümlikleriň üstünde ýumurtga taşlaýarlar. Türkmenistanyň howa şertlerinde gowaça sowkasy 1 ýylyň dowamynda 4 nesil berýär. Onuň 1-nji nesli ýorunjada, irki ekilen mekgejöwende we haşal otlarda, 2-4-nji nesilleri bolsa gowaçada ösüp ýetişýärler. Kebelekler alagaraňkylykda uçmaga uýgunlaşandyr. Gowaça sowkasynyň kebelegi ösümlikleriň uçlaryndaky ýaşajyk ýapraklaryň üstüne ýumurtgasyny ýeke-ýekeden taşlaýar. Zyýankeşiň her bir urkaçy kebelegi öz ömrüniň dowamynda 500 sany ýumurtga, kähalatlarda 3000-e çenli we mundan-da köp ýumurtga taşlaýar. Gowaça sowkasynyň gurçuklary, esasan gowaçanyň gülleri, gunçalary, güldüýpleri, gozalary bilen iýmitlenýärler hem-de olara uly zyýan ýetirýärler, şol sebäpli-de olar dökülýärler.

 


Karadrina. Karadrina ýa-da gowaça ýaprak gurçugy (Spodoptera exqua) teňňeganatlylar otrýadynyň sowkalar maşgalasyna degişli görnüş. Ol ösümlikleriň köp görnüşinde - 46 botaniki maşgala degişli bolan 128 görnüşdäki ösümlikde iýmitlenýär.Kebelekler ir baharda peýda bolýarlar we köp wagt geçmänkä (2-3 günden soň) ýumurtga taşlap başlaýarlar. Olar ýumurtgasyny topbak-topbak görnüşinde taşlaýarlar. Her topbakda 250-ä çenli ýumurtga bolýar. Bir urkaçy kebelek 300-den 1700-e çenli, kähalatda 2000-e çenli ýumurtga taşlaýar. Karadrina ýumurtgasyny haşal otlaryň-selmäniň, täjihorazyň we çyrmaşygyň ýapragynyň aşak tarapynda, şonuň ýaly-da ýorunjanyň ýapragynyň üstüne topbagy bilen taşlaýar. Ilkinji we soňky nesilleriň kebelekleri ýumurtgany gowaçanyň we beýleki medeni ösümlikleriň ýapragynyň üstüne taşlaýar. 5-6 gün geçenden soň şol ýumurtgalardan gara kellelije, gögümtil gurçujyklar çykyp başlaýarlar. Mundan başgada gowaça birnäçe mör-möjekler zyýan ýetirip gowaçanyň hasylyň pese gaçmagyna getirýär.

 

Maýsa ÝAGŞYBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
3-nji ýyl talyby.