Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /«Gökli somsa» - Türk­men top­ra­gynyň nygmaty
  04.03.2023
1072
«Gökli somsa» - Türk­men top­ra­gynyň nygmaty

Tebigat ynsanyň öz elleri bilen ýetişdirýän gök-bakjasyndan başga-da, nygmat eçilibilýär. «Ekme ysmanakdan ýadan bolsaňyz» diýip, ýaprajyklary naşyja dag ysmanagyny, teresini, narpyzyny, ak selmäni derrew ýetişdirer. Çarwa nowruzda — alabaharda ata-babalarymyz ýorunjadan taýýarlanan nygmatlar bilen bedenlerini gurplandyrypdyrlar. Özem täze ýorunjanyň ýokuma has baýdygyna göz ýetiripdirler. Ýorunjadan türkmen zenanlary gutap, somsa, gökli aş, gökli çorba, jazly gök, tereli gök, gazanlama, gaplama... ýaly dürli görnüşli tagamlary bişiripdirler. Olaryň arasynda tamdyra ýapylyp taýýarlanýan gökli somsanyň tagamynyň aýratyn lezzeti bar. 

Topragyň ýylylygyny duýan ýorunjalar bireýýäm dört barmak bolup, paşyrdap ýerden galandyrlar. Oňa käbir sebitlerde «Ýorunja körpeläpdir» hem diýilýär. Oňa gözi düşenleriň her gün diýen ýaly gökli somsa iýmek baradaky ýakymly gürrüňleri eşidilip ugrar. Gök ýygmaga bolsa her kim höwesekdir. Ýanyňa hamyr jam alyp girersiň, atyzyň bir çetinden. Ulularyň öwredişi ýaly, ýorunjanyň ýerden bir barmak beýiklikde ýerleşýän ýogynja baldajygyndan ýokarsyny ýolup alarsyň. Öýe getirilen ýorunjany arassalamak üçin ýene-de bir gezek gözden geçirýärler. Ownuk-uşak çöp-çalamdan arassalanýar. Soňra akar suwuň aşagynda mazaly ýuwulýar. Oňa çenli gazan doly duzly suw gaýnaýar. Eger suw gaýnamanka, gök atylsa, dessine reňki saralmak bilen bolýar. Kepgir bilen endigan basyşdyryp, gök çümer ýaly edip bişirseň welin, reňki terligindäki ýaly owadan bolýar. 15 – 20 minut töweregi gaýnandan soň, ýorunjanyň baldajygyny gysyp görmeli. Onuň ýumşak bolmagy gögüň bişendiginiň güwäsidir. Şundan soň süzgüjiň kömegi bilen, ýorunjanyň suwy aýrylyp, çukurrak gaba çykarylýar. Eger gyzgynlygyna çörek bilen şeýlekin iýlende, gök entek sowamanka 100 gram töweregi mesge, bir desse ownuk dogralan sogan bilen mazaly garyşdyryp, saçaga äberilýär.

Taýyn gögi gutapdyr somsalara hem ýaňky ýaly görnüşde salyp bişirmek mümkin. Onuň üçin gögüňe görä, ýarty käse uny tä gyzarýança ösümlik ýagynda gowurmaly. Käbir öý bikeleri undan öň ýaga ownujak dogralan düýp sogany gowrubam taýýarlaýarlar. Sogan mazaly gyzaransoň, üstüne un sepeläp, bile gowurmyşlamaly. Soňra bir eliňde içi gaýnag suwly kitri saklap, beýleki eliňdäki agaç çemçe bilen bulap, suw bilen gowrulan uny siňňitli garyşdyrmaly. Digrini ýazmak üçin yzygiderli bulamaly. Şeýlelikde, adyndan belli bolşy ýaly, bulap-bulap bişirilen «bulamak» emele gelýär. Bulamaga tagamyna görä duz atylýar. Soňra bulamagyň üstüne bişirilen gök atylyp, mazaly garylýar. Gök bilen bulamagyň tagamy biri-birine geçip, has süýjeýär.

Gökli somsa petirlik hamyra bükülende, has tagamly bolýar. Şonuň üçin hamyrmaýaly çörek bişirilýän bolsa, somsalyk hamyr aýratyn ýugrulýar. Çörekçäniň ululygynda zuwala edilip, aram galyňlykda ýaýylyp, arasyna taýýar gök salyp, somsa bükülýär. Somsa tikeçlenip, hatarlanyp goýulýar. Somsany enelerimiz köplenç repidesiz, eli bilen ýüzüne we arkasyna çalaja suw degrip, tamdyra ýelmeýärler. Somsany köplenç tamdyryň agzyragyna, uly nanlaryň arasyndaky ýerlere ýapýarlar. Gyzgyn tamdyrlarda bolsa, goparylan çöregiň ýerine ýapylsa-da, gökli somsalar dessine bişýär. Somsa bişensoň, onuň ýakymly, işdäaçyjy ysy töwerege ýaýraýar. Arkasy gazalyp, saçagyň üstüne ýaýradylan, ýüzi gyzarypjyk bişen gökli somsa goňşokaradyr hödür-kerem üçinem örän amatlydyr. Türkmen ýazyň şeýle ilkinji nygmatyny: «Ýeneki ýyllara Alla ýetirsin!» diýip ýüzüne sylar-da, «Bismilla» bilen bir gyrajygyndan döwüp alar. Ilki bilen, öten-geçenlerini ýatlap, ruhuny şat eder. Şükranalyk bilen neberelerine, goňşy-golamdyr il-gününe saglyk, rysgal-bereket, agzybirlik we asudalyk arzuw eder. Hikmetli arzuwlar bolsa ganatlydyr. Olar seni al-elwan gülleri guşaklygyňa ýetip duran, tereň ot-çöpleri parç bolup oturan, dal daragtlary gülläp-nowçalap, miwe berýän hakyky ýazlara ýetirer. 

 

Ogulbeg JUMAÝEWA, žurnalist.