logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /Gök soganyň peýdasy
  17.04.2023
1896
Gök soganyň peýdasy

Gök sogan – düzümi boýunça witaminlere baý gök otlaryň biri hasaplanýar. Gadymy Rimiň, Gresiýanyň, Müsüriň, Hytaýyň ýerli ilat köpçüligi gök soganyň peýdaly häsiýetleri baradaky pikirlerini köp tymsallaryň, hekaýalaryň üsti bilen belläp geçipdirler. Ýagny, olar gök sogany  agyr keselden soň saglygy dikeldiji, gorkynyň öňüni alyjy hasaplapdyrlar, hat-da agyr söweşlerden ozal myşsalaryny sogan suwy bilen süpüripdirler. Häzirki wagtda hem gök otlar witamin çeşmesi hökmünde giňden  peýdalanylýar.

Ýaş sogan - içki organlaryň we ulgamlaryň kadaly işlemegi üçin zerur bolan özboluşly witamin we mineral gorudyr. C, A, beta – karotin witaminlerine gündelik zerurlygy kanagatlandyrmak üçin takmynan bir güniň dowamynda 150 gr ýaşyl ot iýmek maslahat berilýär. Gök otlaryň ýaş baldajyklarynda K (fillohinona) köp mukdarda, B, PP , E, witaminleri bolsa belli bir derejede saklanýar.

Ýaş soganyň kaloriýalylygy 19 kkal deň. Onuň düzüminiň 93% -ini suw, şeýle hem  1,3% belok, 4,5% uglewod, 0,9% süýüm eýeleýär. Onuň düzüminde asla ýag saklanmaýar.

Iýmitlenişe girmezden ozak  gök soganyň  näderejede peýdalydygyny, haýsy kesellerde ulanyp boljakdygyny anyklamaly. Ony köplenç kelle agry, antipiretiki, diaforetiki, gyzgynlygy peseldiji, ýürek patologiýasyny bejeriji hökmünde  ulanýarlar. Gök soganyň ýelekleriniň ýiti tagamy işdäňi açýar, düzüminde flawanoidleriň köp saklanmagy immun sistemasynyň işini sazlaýar, düwnük çişiniň döremeginiň öňüni alýar. Ýene-de bir peýdaly tarapy kömelek ýokançlyklaryny basyp ýatyrma ukyby bar. 

 

Goşa ATAÝEW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň 
Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti 
kafedrasynyň uly mugallymy.