logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Gök-önümler saglygy berkidýär
  14.01.2021
1231
Gök-önümler saglygy berkidýär

        Türkmenistan Watanymyz jana şypa beriji dermanlyk ösümliklerine, ir-iýmişlere, bakja ekinlerine hem-de miwelere baýdyr. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eserlerinde hem ýurdumyzdaky ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri, ondan dermanlyk taýýarlanylyşy şeýle-de, haýsy keselleri bejermekde peýdalanylmalydygy barada giňişleýin maglumatlar berilýär.

        Güýz, tomus aýlary ýylyň iň witaminlere baý aýlary hasaplanýar. Şol sebäpden-de, bu döwürde öz saglygyňyz üçin mümkin boldugyça köp peýda almak gerek. Munuň üçin özüňiziň gündelik iýmitleriňize şu makalada ady agzaljak güýz nygmatlarynyň käbirini goşmak zerurdyr. Olardan iýmek bilen, özüňizi duýşuňyzy düýpli gowlandyrmak bolar. Şeýle hem güýzki gök-önümler adamyň saglygyny berkidýär.

        Şugundyryň özi nämä degenok! Onuň düzüminde B topara degişli witaminler köpdür. Witaminleriň hut şol topary dyrnaklaryň, saçlaryň we deriniň sagdyn bolmagyna, şeýle hem nerw ulgamynyň dogry işlemegine täsir edýär. Şugundyr düzüminde saklanýan sinkiň mukdary boýunça gök-önümleriň arasynda öňdäki orunda durýar. Ondan başga-da, şugundyryň düzüminde demir we ýod köp. Mysal üçin, ony gipertoniýa ganyň basyş güýjüniň ýokarlanmagy keselinde iýmek peýdalydyr. Munuň üçin şugundyryň şerbetini we ary balyny deň möçberde garyp içgi ýasap, ony bulguryň dörtden biri möçberinde günüň dowamynda birnäçe gezek içmek bolar. Şeýle hem, şugundyryň düzüminde betanin ýaly madda bolup, ol düwnük rak çişleriniň emele gelmeginiň öňüni alýar. Şugundyryň reňki näçe goýy boldugyça, onuň düzüminde şonça-da betanin köp bolýar. Ýöne şugundyryň şerbetini köp mukdarda içmeli däldir. Sebäbi şeýle ýagdaýda böwreklerde agyry peýda bolup biler. Meselem, eger-de, böwreklerde daş bar bolsa, onda şerbet olaryň üýtgemegine getirip biler.

      Kelem. Bu gök-önüm minerallaryň hakyky hazynasydyr. Kelemiň düzüminde askorbin kislotasy limondakydan ýa-da mandarindäkiden hem köpdür. Eger-de, adam her gün kelem iýse, onda infarktyň we insultyň beýnä gan inme ýüze çykma howpy görnetin peseler. Kelemleriň içinde iň peýdalysy ak kelemdir. Ondan soňra brokkol ýaşyl ot ýaly we reňkli kelem durýar. Göwrelilikde toksikozdan gutulmak üçin duza ýatyrylan kelemiň suwuny içmek peýdalydyr. Emma kelemiň zyýanly tarapy hem bar. Bu gök-önümi ýokary kislotalylyk we pankreatit aşgazanasty mäzleri bilen kesellän adamlar ulanmaly däldir.