logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /«Gmail»-e poçta ýollanmalaryny yzarlamak aýratynlygy gelýär
  07.11.2022
1139
«Gmail»-e poçta ýollanmalaryny yzarlamak aýratynlygy gelýär

Esasanam, gyş aýlarynda söwda-satygyň, alyş-berişiň artmagy sebäpli millionlarça sargyt onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar. Dünýä belli kompaniýa bolan «Google» ýakynda, «Gmail» poçta programmasyna ýükleri we poçta ýollanmalaryny yzarlamak üçin täze aýratynlygy goşýar. Täze aýratynlyk bilen satyjylar öz harydyny, müşderiler bolsa sargydyny has ýeňil yzarlap bilerler. Munuň üçin diňe täzelenmäni ýüklemek we «Gmail» poçta programmasyna gelen habarnamanyň üstüne basmak ýeterlik bolar.

«Gmail» poçta programmasyna täze goşuljak aýratynlyk wagt tygşytlamaga, ýükleri we poçta ýollanmalaryny has ýeňil yzarlamaga mümkinçilik döreder. Täze aýratynlykdan peýdalanmak üçin iki tarap hem poçta salgysyny bilmegi ýeterlikdir. Müşderiler, SMS habarnamalarynyň ýokarky sanawynda öz sargydy baradaky maglumatlary onlaýn görüp biler.

Mundan başga-da, e-poçta ýüküň gijikdiriljekdigini ýa-da ir barjakdygyny habar berer.

Belläp geçsek, «Gmail» - «Google» kompaniýasynyň mugt e-poçta hyzmatydyr. «Gmail» - 2004-nji ýylyň 1-nji aprelinde ulanyşa berildi. Mugt e-poçta hyzmaty, her ulanyjy üçin 1 Gb-lyk maglumatlary saklamak üçin ýer bölüp berýär. Häzirki wagtda, «Gmail»-iň 1.8 milliarddan gowrak işjeň ulanyjysy bar. 

 

Wepa TENJIMOW,

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk
institutynyň talyby.