Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦ ✦ Astrahanda Magtymguly Pyragynyň muzeýi açyldy ✦ ✦ Gözlegçiler bakteriýalary 120 nanometr giňişlikde görmegi başardylar ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Gerek bolsa gerçek ýaly, Mertdir türkmen Alabaýy
  21.02.2020
1011
Gerek bolsa gerçek ýaly, Mertdir türkmen Alabaýy

      Garagum çölüniň bir bölegne öwrülen türkmen agasynyň eklenç, ýaşaýyş üçin ele alan hünärleriniň biri hem çopançylykdyr. Aňňal-aňňal çägelerde öz sürisi bilen gelýän çopanlary Alabaýsyz göz oňune gelmeýär.

    “Wepaly, Gaýratly, Alabaý”-diýip öz itini çagyrýan oglanjygy gözegiňize getiriň.  Mähnet gaýduwsyz itiň çepiksije çaga bilen ysnyşygy, janly tebigatyň adamzat bilen baglanşygydyr. Daşyndan göreniňde göwresi, haýbaty bilen eýmendirýän türkmen Alabaýlarynyň adaty adamlar golaýna gelmänede çekinýärler. Emma öz eýesiniň ýaňy aýagy ýörän çagalary daşyna geçip gulagny guýrugyny çekişdirseler şolar bilen oýnaşar. Ýa bolmasa gözegçiliksiz galan çagalara islendik bir howp abansa şol pursat adam ýaly syzgyr jandar wepadarlygyny subut eder. Beýle wakalara siziň birnäçäňiz bu ýaşalan gülernde eýýäm näçe gezek şaýat bolansyňyz. Alabaý itleri biziň taryhymyzyň, ýaşaýşymyzyň, şu günimiziň bir bölegne öwrülendir. Türkmen agasy ýaşaýyşynyň bir bölegne öwrülen Alabaý itlerine Gaýratly, Wepaly, Gaýduwsyz ýaly atlary ýöne ýere dakmandyr. Alabaý itleri bü günki günde biziň milli gymmatlyklarymyzyň birine öwrüldi. Öz taryhyna hormat goýýan türkmen halkyna Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzlyp çykan “Türkmen Alabaýy” kitaby şa serpaýy boldy. Mundan başgada Belent Serkerdebaşymyzyň başda durmaklygynda türkmen Alabaýlary türkmen ýigitleri bilen bir hatarda şu mukaddes watanmyzyň asudalygynyň goragynda gulluk etýärler. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýörite serhet birikmelerde Alabaý itleriniň aladasynyň edilmegi üçin amatly şertleri döredip berildi. Alabaýlaryň ýatakhanasy, gezip meýdany, ene alabaýlaryň dogumhanasy ýaly birnäçe bölimlerde türkmen alabaýlaryna ideg edilýär. Bu bolsa eýýäm Gahryman Arkadagymyzyň öz ýurdynda her bir janyň, janly tebigatyň asudalygy, rahatlygy ugrynda çekýän zähmetiniň netijesidir, atalyk aladasydyr. Watan goragynda sak duran türkmen ýigitleri Alabaý itleri bilen ýörite türgenleşik sapaklaryny geçip, özleriniň Watan öňindäki gulluk borçlaryny Alabaý itleri bilen bilelikde amala aşyrýarlar. Ýaşyl tuga tagzym edip, esgerlik kasamny kabul eden ýigitlerden itler bilen türgenleşjek ýigitlerisleglerne, ukyp başarnyklaryna görä ýörite saýlanyp alynýar. Alabaýlar bilen türgenleşmäne isleg bildiren esgerler bellenilen möhletde ýörite sapaklar geçirilýär. Şondan soň her bir itçi esger özine berkidilen Alabaýy itiniň saglygy, iýmiti, ýagdaýy  üçin şahsy jogapkärçilik çekýär. Şu pursatlary daşyndan synlanyňda türkmen ýigdi, türkmen alabaýy, türkmen topragy ajaýyp sungat eseri ýaly bolup görinýär. Alaň-alaň çägelerden, gaýalardan, daglardan, kenar ýakalardan inip gelýän türkmen ýigdiniň haýbatyndan eýmendirýän türkmen alabaýy bilen ýöräp gelýän pursatyny gözegňe getirenide-de ruhyň galkynýar. Bu günki gün biz watan goragçylary özimize döredilen şeýle mümkinçiliklerden peýdalanyp watanmyza Milli Lidermyza hemişe ak ýürekden halal hyzmat etjekdigimizi ynanadyrasym gelýär. Öz halkyna şeýle ajaýyp zamany bagyş eden, watan goragçylary bilen birlikde şu watanyň öz halkynyň bagtyýar geljegi üçin gijesini gündiz edip zähmet çekýän, türkmen halkynyň medeni gymmatlyklarynyň gymmatynyň artmagynyň ugrynda uly işleri amala aşyrýan Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, Başy-dik, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowana ýollarda rowaçlanmagyny arzuw edýäris.