logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /GARPYZ – TOMSUŇ ÝARAŞYGY
  22.07.2022
1125
GARPYZ – TOMSUŇ ÝARAŞYGY

    Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler ynsan  saglygyny goramakda örän wajypdyr. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär. Düzüminiň 90 göteriminden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsüminde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Garpyz – B, C, E, P witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demiriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bardyr. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Magniý – garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.
    Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, halk lukmançylygynda bagyr, ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan käbir keselleri bejermekde, böwrekdäki we peşew haltadaky daşy çykarmakda giňden peýdalanylýar. Garpyz gan basyşynyň ýokarlanmagynyň hem öňüni alýar. Onuň sykylan suwy bolsa bagry zäherli maddalardan arassalaýar.