logo

Latest news:
✦ Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi ✦ ✦ Ilçi işe başlady ✦ ✦ Türkmen-gruzin gatnaşyklary ✦ ✦ Türkmenistan – sport we sagdynlygyň ýurdy ✦ ✦ Ýaş suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň diplom eserleri ýokary bahalandyryldy ✦ ✦ Italiýa Respublikasynyň gününe bagyşlandy ✦ ✦ Döredijilik we gülläp ösüş ruhundaky şäher ✦ ✦ Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlary — Türkmenistanyň ösüş strategiýasynyň möhüm ugry ✦ ✦ Sonky jaň dabaralary ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk bagtyýarlygyň senasy
  04.10.2021
670
Garaşsyzlyk bagtyýarlygyň senasy

Garaşsyzlyk bize ýaşamaga, işlemäge höwes döredýär, ylham hujuw berýär. Häzirki döwürde türkmen halky bütün dünýäde gurujy dörediji halk hökmünde taryhy abraýyny dikeldýär. Gurulýan, ýola goýulýan ulag üsti aşar geçelgeleri, iri sport çäreleri türkmen telekeçileriniň gurýan binalary hem-de kesgitlenen ugur boýunça ýurdy senagatlaşdyrmagyň  çäklerinde öndürilýän senagat harytlary, azyk önümleri, türkmen alymlaryň oýlap tapyşlary esasynda önümçilige ornaşdyrylýan täzelikler we beýlekiler türkmen jemgyýetiniň ösüş depginiň kämilleşýändigini görkezýär. Bu ösüş özgerişleriň ählisi jemlenip türkmen halkymyzyň öňünde beýik maksatlar goýup olara ýetmek ugrunda gujur gaýrat görkezýändigini bütün dünýä aýan edýär. Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyz Aşgabatda birnäçe uly üstünlikler alnyp barylýar. Ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berilýär. Ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda ýokary we orta okuw mekdepler birnäçe medeni maksatly binalar sport desgalary seýilgähler, halkara howa menzili dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen olimpiýa şäherçesi guruldy. “Türkmenistan – Prahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” şygary astynda geçýän ýylymyzda  aziýanyň merjen şäheri hökmünde giňden tanalýan gözel paýtagtymyzyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy ulydan baýram edildi. Garaşsyzlygyň şanly 30 ýyllyk toýy hemişelik Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk baýramy ýurdymyzyň ajaýyp ösüşleriniň zähmet üstünlikleriniň şanyna tutulýan toýdur. “Türkmenistan Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk” şanly baýramy mynasybetli ýudumyzyň Garaşsyzlygyna we öz ygtyýarlygyny berkitmekde ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, pudaklary ösdürmekde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda milli däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda hem-de baýlaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary köp ýyllap ak ýürekden çeken tutanýerli we halal zähmeti ýokary hünär ussatlygy üçin işde tapawutlanan raýatlarymyza sylaglar gowşuryldy. Medenýet we sungat işgärlerine hem hormatly atlar we medallar bilen sylaglandyryldy. Sylaglandyrylanlar bildirilen uly hormat üçin hoşallyk bildirdiler. Parahatçylygyň dost doganlygyň we beýik üstünlikleriň ýurdy bolan Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan hemişe gülläp össün.