logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /“Gara çilimkeşler”
  08.07.2022
892
“Gara çilimkeşler”

          Alymlar Germaniýada we Täze Zelandiýada Ýer ýüzündäki iň gyzgyn suwy tapdylar.Atlantik ummandaky gidrotermal çeşmeleriň temperaturasynyň ýokary çägi 4070 C deňdir.Alymlar tejribe şertlerinde bu gyzgyn suwuklygy almany başardylar.Ýöne köp wagtlap tebigatda şol gyzgyn suwy tapmak başartmady.Andreý Koçineskiniň ýolbaşçylygynda derňewçileriň topary Atlantik ummanyň günortasyndan ekwatora çenli aralykda gidrotermal çeşmeleri tapdylar.Gidrotermal çeşmelerde suwuň temperaturasy ölçenende 4070 C deň bolupdyr.Gysga wagtdan soň,takmynan 20 sekunt töweregi suwuklygyň temperaturasy 4640 C çenli ýokarlanypdyr.Gözleg işleri geçirmegiň netijesinde ummanyň düýbünde çuň jaýryklaryň bardygyny anykladylar.Şol jaýryklardan gidrotermal çeşmeler suwuň ýüzüne çykýar.Mundan başga-da,jaýryklarda gyzgyn magma akymy hem bolýar.Alymlar şol gyzgyn magma akymy suwuň gyzmagynada täsir edýär diýip  çaklaýarlar.Sebäbi şol jaýryklarda suwuň temperaturasy 4070 C çenli gyzgynlykda,basyşy 360 bar,ýagny 296 atmosfera basyşda bolýar.

       Dag jynslaryndaky metallar we beýleki elemetler suwuň akymynyň kömegi  bilen ýuwulýar.Ummanyň düýbünde altyn,mis,demir,kükürt,marganes ýaly elementler hem çykýar.Mundan başga-da şol töweregiň suwlary,daşlary we beýleki maddalary sulfidleriň kömegi bilen gara reňke boýalandyr.Şonuň üçin hem ummanyň şol töwereginiň gidrotermal çeşmeleri “Gara çilimkeşler” adyna eýe bolandyr.

             Geliň “Gara çilimkeşler” barada durup geçeliň! Gara çilimkeşleriň döremeginiň iň esasy sebäbi hem kükürdiň birleşmeleri bilen baglanyşykly bolan hemosintez hadysasydyr.

         Umuman aýtsak,  1970-1980-nji ýyllarda Atlantik ummanyň düýplerinde fotosinteze bagly bolmadyk biosenozlar tapyldy. Olara “gara çilimkeşler” diýip at berdiler. Bu ýerde ýaşaýan janly organizmler esasan hemosintetiki energiýa daýanýanlygy sebäpli bu biosenoza hemobios diýilýär. Hemobiosyň wekillerine pogonoforlary, westimeniferleri mysal getirmek bolar.

Ummanyň düýbündäki hemobiosyň wekilleri kükürdiň duzlary bolan sulfidleri we kükürdiň beýleki birleşmelerini peýdalanýarlar.Hemosinteziň netijesinde gara reňk bilen boýalan daşlar we birnäçe birleşmeler emele gelýärler.Şol sebäpli jaýryklarda döreýän gara reňkli birleşmelere “Gara çilimkişler”diýlip at berildi.

 Ramazan NURÝAGDYÝEW

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby