Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ganatly melhemhana
  28.12.2020
861
Ganatly melhemhana

     Balarylary adamzat durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Olaryň öndürýän önümleri bal, mum, ýelim, gül tozanjyklary we balary zäheri-apitoksin durmuşda giňden ulanylýar. Olar ynsan üçin iň zerur önümleriň biri bolup hyzmat edýär.

         Balarylar bir gektar gülleýän gowaça maýdanyndan 100-300 kilograma çenli baly toplap bilýärler. Olaryň öndürýän baly özüniň düzümi, ýokumlylygy we dermanlyk häsiýetleri boýunça diýseň gymmatly önümdir. Ary balynyň düzümine kalsiý, natriý, kaliý, magniý, demir, mis, fosfor, kükürt, ýod duzlary girýär. Bulardan başga-da, onda köp sanly organiki turşulyklar, beloklar we biogen (bedeniň ýaşaýyş işjeňligini ýokarlandyrýan) maddalar saklanýar.

Ary balyndaky köp sanly witaminler uglewoda ýag we belok çalşygyna gatnaşyp, olaryň bedende özleşdirilişine, glýukozanyň içegelerden gana sorulmagyna, gözüň görüjiliginiň gowulanmagyna, bedeniň ýokanç kesellere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýärler. Ary baly halk lukmançylygynda dem alyş ýollarynyň sowuklama, ýürek, bagyr, öýken, garyn-içege, nerw ulgamynyň kesellerinde, şeýle-de derini daşky gurşawyň zyýanly şertlerinden goramakda we onuň owadanlygyny saklamakda bejergi kosmetikada giňden ulanylýar. Ondan taýýarlanýan dürli düzümli melhemler beýleki melhemlerden derini ýumşadyjy we iýmitlendiriji häsiýetleri boýunça has tapawutlanýar. Balarylaryň öndürýän mumy lukmançylykda dürli derman serişdeleri, melhemleri we iýmitlendiriji, ýumşadyjy, arassalaýjy kremleri taýýarlamakda giňden ulanylýar.

Halk lukmançylygynda ary baly bilen bir hatarda balary zäheri bejergi serişde hökmünde giňden ulanylypdyr. Balary zäheri-apitoksin bogun agyry, bogunlaryň çişmegi we beýleki keselleri bejermekde ulanylypdyr we gowy netije beripdir. Apitoksin köp keselleriň öňüni alyş häsiýetine hem eýedir. Balarylary saklaýan adamlar arylaryň köp çakmagy netijesinde guragyry keseli bilen düýbünden kesellemeýärler. Balarylaryň zäheri örän çylşyrymly biologiki serişde bolmak bilen, tutuş bedene täsir edýär, onuň goragyny güýçlendirýär. Balary zäheriniň gan basyşyny peseldiji häsiýetiniň bardygy tejribelikler arkaly tassyklanandyr. Balarylaryň öndürýän önümleriniň ählisi ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr we adamzat durmuşynda bedeniň sazlaşykly ösmegi, kesellere garşy bedeniň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin iň wajyp önümleriň biridir. Her günki kabul etjek ary baly janyňyza derman bolsun!