Beýik Ýüpek ýolynyň ugrynda ýerleşen ýurdymyzyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde “2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň” döwlet maksatnamasyna laýyklykda, taryhy-medeni ýadygärlikleriň birbada 12-sinde arheologik gazuw-agtaryş, dikeldiş hem rejeleýiş işleri üstünlikli alnyp baryldy. Geçirilen arheologik barlaglaryň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklaryň arasynda türkmen alabaýynyň galdyran yzlarynyň we onuň gadymy haly göllerindäki şekilleriniň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr. Bu täsin gölüň käbir obalarda gadymy ady bilen atlandyrylýandygy, Ahal halylarynyň älem zolagynda çitilýändigi sebäpli, ol halkyň arasynda “älem” nagşy, Balkan halylaryndaky gölüň bolsa bürgüdiň dyrnagyna meňzeýänligi sebäpli, oňa “dyrnak göl” nagşy diýilýändigi bolsa, biziň medenýetimiziň köpöwüşginlidiginden habar berýär. Çünki bu gölüň halylarymyzda ömür dowamatyny tapyp gelmegi türkmen alabaýynyň taryhyny öwrenmekde täze mümkinçilikleri döretýär.
Türkmen alabaýyny wasp edýän ýene-de bir gadymy göl “güjük yzy” gölüdir. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Bäherden etrabynyň çägindäki IХ-ХIV asyrlara degişli Şähryslam ýadygärliginde türkmen alabaýynyň penjesiniň yzy saklanyp galan kerpiçleriň birnäçesi ýüze çykaryldy. Mälim bolşy ýaly, Şähryslam Beýik Seljuklar zamanasynda söwdanyň, medeniýetiň we ylym-bilimiň ösen ojaklarynyň biri bolupdyr. Şäher Beýik Ýüpek ýolynyň Nusaý-Köneürgenç şahasynyň urunda ýerleşip, Garagum sährasyny kesip geçýän kerwenleriň düşlän we söwda eden merkezleriniň biri hökmünde wajyp orun eýeleýär. Bu orta asyr şäherinde hem-de ony gurşap oturan çarwa obalarynda milli seýisçilik sungatymyz hem, türkmen alabaýyny ýetişdirmegiň ajaýyp milli ýörelgeleri-de diýseň ýokary dereje ösüpdir. Munuň şeýledigini ýadygärlikde ýüze çykarylan arheologik tapyndylar aýdyň subut edýär.
Ylmy barlaglar Şähryslamda ýüze çykarylan it penjesiniň yzy galan kerpiçleriň şalaryň we begzadalaryň köşki-eýwanlarynyň bosagasyna oturdylandygyna güwä geçýär. Gadymy ynanja görä alabaýyň penjesiniň yzy we onuň esasynda döredilen nagyş ynsanyň saglygyny hem-de onuň öý-ojagyny, mal-mülkini dürli howplardan goraýar. Şol sebäpli, ony türkmeniň ak öýüniň gapysynyň iç ýüzünde asylýan eňsi halylarynda has köp görmek bolýar. “Güjük yzy” nagşynyň ownuk görnüşlerini haly we haly önümlerinde alaja nagşy hökmünde esasy gölleriň daşyna aýlanyp çitilýändigi-de ylmy gözlegleriň esasynda subut edildi.
Türkmen halylaryny, palaslary, keçeleri we beýleki nepis el işlerini bezeýän iň gadymy nagyşlaryň biri hem “tazyguýruk” gölüdir. Ata-babalarymyz bu gölüň gözden-dilden goraýandygyna ynanypdyrlar. Oňa haly we haly önümlerinde köplenç gyra nagşy hökmünde duş gelmek bolýar. Käbir eňsi halylarda bu nagyş merkeze salynýan esasy gölleriň gyralaryny jäheklenýär. Gürrüňi edilýän nagyş alymlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän IХ-ХIV asyrlara degişli Şährihaýbar ýadygärliginde ýüze çykaryldy. Ol şakäsäniň ýüzüne türkmen tazysynyň guýrugynyň şekili hökmünde çekilipdir. Munuň özi bu sebitde gadymy döwürlerden bäri türkmen alabaýynyň we awçy tazylarynyň ösdürilip ýetişdirilendigi baradaky çaklamany esaslandyrýar.