logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Culture /Gadymy Sarahs galasy
  14.05.2021
2397
Gadymy Sarahs galasy

     Ýagny, Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Sarahs şäheri Tejen derýasynyň Sarahs taraplaryny we Bathyz-Sarahs oazisleriniň geografiki ýerleşişiniň aýratynlyklary gadymy döwülerde hem aýratyn bolupdyr. Arheologik barlaglary geçirlende Köne Sarahs galasynyň ýerinde daşky diwarlary palçykdan dikeldilen oturymly ilatyň berkitme galasynyň üsti açylýar. Şol gala diwarlarynyň taraplary 320 metre deň bolan bäşburçluk görnüşe eýe bolupdyr. Sarahs galasynyň ýaşaýyş durmuşy b.e.öňki 6-njy  asyryň ahyrlaryna we 5-nji asyryň başlaryna başlap, 19-njy asyryň 30-njy ýyllaryna çenli merkezi şäher hökmünde taryhy esasy orny tutýar.

Häzirki wagtda Sarahs şäheriniň medeni gatlagy “Tebigy depede” ýerleşip takmynan 120 gektar meýdany tutýar. Sarahs şäheri içki galadan şäheriň meýdançasyndan we giň şäher eteginden ybaratdyr. Sarahs şäheriniň iň gadymy merkezi içki galada ýerleşip diwarlarynyň beýikligi 20 metre barabar bolupdyr. Şaheriň esasy ilaty şähristanda ýaşap 3 sany derwezesi bolupdyr. Bu derwezeler goranmak üçin oňaýly diňler bilen üpjün edilipdir. Derweler şähristanyň günbatar-gündogar we günorta tarapynda ýerleşipdir. 9-njy asyrda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur şäheri bilen Merw şäheri iri söwda merkezine öwrülýär. Bu iki şäheri aralygynda Hindistana we Hytaýa barýan söwda ýollarynyň ugrunda Sarahs şäheri aýratyn uly ähmiýete eýe bolupdyr. Bu barada orta asyr syýahatçysy Aly Ýakubiniň “Ýurtlaryň kitaby” diýen işinde Sarahs belli şäherleriň biri bolup, çägelik sähralykda ýerleşýär. Onuň ilaty garyşyk bolup, agyz suwuny guýulardan alýar diýip belenilýär. Şeýle-de, Ibn Hordad begiň berýän maglumatlaryna görä 827-nji ýylda Bagdad halyfynyň hazynasyna Sarahs 307 müň dirhem salgyt tabşyrypdyr. Bu salgydyň köp böplegi Sarahsda amala aşyrylan söwdadan gelipdir. Sarahs şäheriniň medeni taýdan ösüşi 10-njy asyrda has ýokary derejä galýar.