logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Culture /“Gadymy Sarahs” barada
  11.04.2021
935
“Gadymy Sarahs” barada

      Ýagny, gadymy Sarahs Beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky Nişapur bilen Merwiň arasynda we Tejen derýasynyň ýokarky akymynda ýerleşen iň gadymy merkezi şäherleriň biri bolupdyr. Bu ýerde ilat eneolit döwründe (b.e.öňki 4 müňýyllyk) göçüp gelip başlandyklary barada taryhy maglumatlarda hem beýan edilýär.

    Şeýle-de, b.e.öňki 1 müňýyllygyň ortalarynda köne Sarahs şäherjiginiň ýerinde ilkinji obalar peýda bolupdyr. B.e.öňki 2 m.ý. Sarahs Parfiýa imperiýasynyň düzümine giripdir we Siraken diýen ady bilen tanalypdyr. Ol syýasy we ykdysady taýdan Merwe tabyn bolupdyr. Araplaryň gelmegi bilen Orta Aziýanyň ozalky ýerli mirasdarlary bilem alanlaryndan soň, Sarahsyň ähmiýeti ep-esli artýar. Şol wagtlar Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň biriniň ugry üýtgeýär, şondan soň ol Eýranyň merkezi welaýatlaryndan Nişapura baryp ýetýär, ondan aňryk bolsa Sarahsyň üsti bilen Merwe we gündogara tarap gidýar. Sarahsyň halkara söwdasynyň aýlawyna goşulmagy onuň ykdysadyýetiniň ýokary göterilmegine amatly täsir edýär.

Şol döwürlerde Gadymy Sarahsyň umumy meýdany 120 gektar töweregi bolup, 12 metr ýokaryk galdyrylan 340-560 metr uzunlykda berkidilen, gür ilatly şähere öerülýär. Şähristanyň 300-400 metr töwereginde esasan önümçilik mähelleri ýerleşipdir. Şol wagtlar Sarahsyň gurluşykçy ussalary ajaýyp üstünlige eýe bolupdyrlar. Sarahsyň ussalarynyň şan-şöhrady Orta Aziýa we Eýrana ýaýrapdyr, muňa Sarahsyň çäklerinden daşarda gurlan ymaratlar şaýatlyk edýär. Muňa mysa edip, Eýrandaky Rabat-Şarif kerwensaraýynda, Merwdäki Soltan Sanjaryň äremgähinde we Jar-Gürgrndäki münberde Sarahsly ussalaryň atlary saklanyp galypdyr.

Mundan başga-da, Sarahsyň ussalarynyň aýdyň eserleriniň biri halkyň arasynda “Sarahs babanyň mawzoleýi” ady bilen atlandyrylýan Abul Fazlyň aramgähidir. Ol 1023-nji ýylda aradan çykan Abul Fazlyň Sarahs şäheriniň etegindäki mazarynyň üstünde 11 asyrda bina edilipdir.