Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Gadymy Merw
  23.04.2021
404
Gadymy Merw

      Bütündünýä mirasy komitetiniň 1999-njy ýylda bolup geçen XXIII sessiýasynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň eteginde ýerleşýän Gadymy Merw ady bilen mälim bolan taryhy-medeni ýadygärlikler toplymy umumyadamzat möçberinde möhüm ähmiýete eýe bolan taryhy-medeni miras hökmünde ÝUNESKO-nyň sanawyna girizildi. Gadymy Merwiň bu abyraýly Sanawa goşulmagynda onuň iki sany möhüm aýratynlygy nazara alyndy. Birinjiden, Merw oazisiniň gadymy we orta asyr şäherleri iň azyndan dört müň ýylyň dowamynda Merkezi Aziýanyň medeniýetiniň ösmegine öz öňyn täsirini ýetirip gelipdir. Ikinjiden, Merwiň entek bürünç asyry döwründe Murgap derýasynyň köne binasynyň aşak akymyndaky ýerlerde ýüze çykan we häzir Garagumyň çägeleriniň arasynda ýitip giden gadymy şäherlerinden başlap XV-XVIII asyryň galalaryna çenli döwirde biri-birini yzygiderli çalyşyp gelen şäherleriniň täsin ýerleşiş ulgamy başga hiç bir ýerde gaýtalanmaýan özboluşlylyk bolup durýar.

      Uzak taryhy döwürleriň dowamynda sebitiň paýtagty bolan bu örän uly şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Merw Bagdat, Kair, hatda Damask ýaly yslam dünýäsiniň örän möhüm medeni-syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Beýik türkmen-seljuklaryň hökümdarlyk eden döwri bolan XI–XII asyrlarda Merw özüniň gülläp ösen derejesine ýetipdir. Seljuklaryň imperiýasy Amyderýanyň aşak akymyndan tä Ortaýer deňzine çenli ummasyz giňişlikleri öz içine alypdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan döwründe Merw 640 gektar meýdany eýeläp oturan, dünýäniň iň gözel şäherleriniň biri bolupdyr. Bu şäher Murgap derýasynyň şypaly suwy bilen gandyrylýan we bol hasyl berýän bereketli toprakda kemala gelipdir. XIII-nji asyrda Merwde üç ýyl ýaşan belli orta asyr geografy Ýakut bu şäher barada şeýle ýazgylary galdyrypdyr. “Eger mongollaryň çozuşy bolmadyk bolsa men ömrümiň ahyryna çenli şu şäherde ýaşardym. Bu ýerden aýrylyp gitmek maňa örän agyr düşdi’’. Merw yslam dünýäsiniň ähli künjeklerinde ýaşaýan alymlar, şahyrlar we söwdagärler üçin aýratyň özüne çekiji şäher bolupdyr. Emma, 1221-nji ýylda çozup gelen mongol leşgerleri tarapyndan Orta Aziýanyň ähli şäherleri, şol sanda Horasanyň şäherleriniň “enesi” hasaplanýan gözel Merw hem weýran edilipdir, yslam dünýäsiniň ylym hazynasynyň biri bolan Merwiň ajaýyp kitaphalary ýakylypdyr. Mongol esgerleriniň wagşyçylykly çozuşyndan soň Merwde durmuş dowam eden hem bolsa ol ozalky belentligine ýetip bilmändir.

      Merw öz akym ugryny kem-kemden gündogardan günbatara üýtgedýän Murgap derýasynyň akabasynyň boýunda ýerleşýän we onuň bilen baglanşykly bolan şäherler galalar ulgamyndan ybaratdyr. Hut şoňa görä-de, Merwi “göçüp-gonýan”, ýa-da “akymy üýtgedýän derýanyň” şäheri hökmünde häsiýetlendirip bolýar. Derýanyň akaba hanasynyň ugrunyň üýtgetmegi bilen täze ýere göçülmegi sebäpli taşlanan şäherler gaýtadan ilatlaşmandygy sebäpli olaryň galyndysy geçmişiň dürli döwürlerini häsiýetlendirýän möhüm taryhy maglumatlaryň gymmatly “hazynasyna” öwrülip galypdyr. Antik döwürde “Margiana Antiohiýa” ady bilen günbatar ýurtlarynyň ýazuw çeşmelerinde mälim bolan häzirki Gäwurgala ondan ozalky döwürde şähr merkezi bolan häzirki Erkgalanyň bir gapdalynda gurlupdyr. Beýik seljuklar imperiýasynyň paýtagty bolan orta asyr Merw şäheri bolsa-häzirki Soltangala-Gäwürgalanyň ýerinde oturman, ondan günbatardaky täze ýere göçürilipdir.

      B.e.ö. VI asyrdan başlap welaýatyň merkezi şäheri we baş harby berkitmesi bolan Gäwürgala 400 gektar meýdany eýeläpdir. Orta asyr Merw şäheri häzirki Soltangala kemala gelip dolandyryş merkezi oňa geçenden soň Gäwurgalany, we soňraky döwiriň şäherleriniň galyndysy bolan Awdyllahan galany hem-de Baýramalyhan galany öz içine almak bilen Merwiň meýdany 1000 gektara ýetipdir. Munuň özi orta asyrlarda yslam dünýäsinde iň uly şäherleriň biri diýmekdir. Merwiň çäkleri agzalan şäherleriň we galalaryň galyndylary bilen bir hatarda Soltan Sanjaryň kümmeti we beýleki ençeme arhitektura ýadygärliklerini hem öz içine alýar. Şu taryhy-medeni miraslar toplumynyň diňe bir biziň ýurdýmyz däl, eýsem bütün dünýä üçin örän wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny nazara alyp Türkmenistanyň Hökümeti ony kanun esasynda döwlet goragyna aldy we häzir olar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň esasyny düzýär.