logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Culture /Gadymy galalara syýahat
  15.10.2021
902
Gadymy galalara syýahat

Türkmenler dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri hasaplanylýar. Uzak geçmişiň dowamynda Türkmenistanyň çäginde dürli döwletler bolupdyr. Türkmenler dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk hökmünde tanalýar. Munuň şeýledigini ýurduň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärlikler we gadymy galalar doly tassyklaýar. Olardan:

         Çardeýdepe- bu gadymy gala Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak şäherçesinden 5 km günorta-gündogarda ýerleşýär. Ol iki bölekden ybarat bolan orta asyr galasydyr. XVI-XVIII asyrlarda öňki Şähristanyň çäginde ilat ýaşapdyr. Ol günortadan demirgazyga uzalyp gidýän köne ýabyň hanasynyň boýunda ýerleşýär we küýze bölekleri, bişen kerpijiň döwükleri ýaýrap ýatan birnäçe beýikli-pesli depejikler görnüşindedir. Galanyň eýeleýän ýerleriniň ölçegleri günortadan demirgazyga 500 metre golaý, gündogardan günbatara 50-100 metr. Bu ýerden tapylan küýze önümleri IX-XIX asyrlar bilen senelenýär.

         Palyzak-bu gala Ahal welaýatynyň Sarahs şäherinden 4 km demirgazyk-günbatarda ýerleşýär. Ol iki bölekden ybarat bolup, içki galasy günorta böleginde beýikligi 6 metre, demirgazyk böleginde 10 metre golaý gönüburçly depe görnüşindedir. Onuň daşyna demirgazykdan günorta 170 metr, gündogardan günbatara 80 metr uzalyp gidýän gala diwary aýlanypdyr. Girelge günorta tarapda ýerleşipdir. Käýerinde depejikleri emele getirýän mülk ýeri içki galany ähli tarapdan gurşap alýar. Bu ýerden tapylan arheologiýa tapyndylar XVI-XVII asyrlar bilen senelenýär.

         Türkmen halky geçmişine sarpa goýýan halk. Gyzykly ýeri, her bir taryhy ýadygärlik bilen baglanyşykly bir giden rowaýatlar döräpdir. Şol rowaýatlar nesilden nesile geçip, biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.