logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Culture /“Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler
  10.04.2024
754
“Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli mirasymyzyň içgin öwrenilmegine uly orun berilýär,  sungatyň, binagärligiň hem senetçiligiň ajaýyp nusgalaryny peşgeş beren Änew, Jeýtun, Margiana, Amul ýaly gadymy medeniýetler ählumumy ruhy gymmatlyklaryň kemala gelmegini şertlendirýär. Ata Watanymyzda häzirki güne çenli saklanyp galan taryhy ýadygärliklerimiz ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Aýawly saklanýan milli mirasymyzyň özboluşlylygynyň, köp sanly arheologik ýadygärlikleriň, gadymy, antik we orta asyr binagärliginiň ajaýyp nusgalary bu ugurda diýarymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Milli mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi aýawly saklamagyň we dünýä ýaýmagyň Türkmenistan ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini yzygiderli nygtaýan Hormatly Prezidentimiziň taýsyz goldawy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen ýokary derejeli gatnaşyklar has-da berkidilýär. 


 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 25-26-njy aprelinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan – Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary hem-de Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraljak bu iri halkara maslahata ýurdumyzdan, şeýle hem daşary ýurtlaryň ençemesinden taryhçylaryň, arheologlaryň, ýaş alymlaryň we ÝUNESKO-nyň halkara bilermenleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik ähmiýetli geçelge bolan Amul galasyna çekmek arkaly gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek netijesinde ylmy we medeni diplomatiýany ösdürmek, halkara giňişligine giňden ýaýmak bu halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady bolup durýar. 

 

 

Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Amul galasy hem türkmen topragynyň gadymy medeniýetleriniň mekany hasaplanylýar. Häzirki Türkmenabat şäheriniň eteginde ýerleşýän uly orta asyr şäheri bolan Amul şäheri Al-Istahri, Ýakut Hamawi, Al-Masut, Ibn-Hordabeg, Al-Makdisi ýaly orta asyr awtorlarynyň barlag obýekti bolupdyr. Ol IX asyrda iň uly halkara söwda merkezleriniň birine öwrülýär, bu bolsa şäheriň depginli ösmegine uly goşant goşupdyr. Bu ýer Merwden Buhara, Hytaýa, Gürgençden Balha hem Hindistana çenli gidýän kerwen ýollarynyň kesişýän Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm nokadydyr. 1991-nji ýyldan başlap, Amul Kerki döwlet taryhy we medeni goraghanasynyň ygtyýaryndadyr. Hünärmenler tarapyndan soňky döwürlerde Amul şäherinde arheologik gazuw-agtaryş işleri geçirilip, ençeme taryhy tapyndylaryň üsti açyldy. 


 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli syýasaty netijesinde möhüm ähmiýete eýe bolan şeýle halkara ylmy-amaly maslahaty halkara derejesinde öz ornuny pugtalandyrýan Türkmenistan ýurdumyzyň milli mirasyny we bu ugurdaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki tagallalarynda ýene bir möhüm ädim bolup çykyş edýär. 

 

Melike HAJYÝEWA, 

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet 
mugallymçylyk institutynyň 
Roman-german dilleri we edebiýaty 
fakultetiniň Nemes dili we edebiýaty 
hünäriniň III ýyl talyby.