Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Raşid Meredow Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti bilen gepleşikleri geçirdi ✦ ✦ Kitap — ruhy baýlygyň hazynasy ✦ ✦ Türkmen tebigaty - gözelliginiň nusgasy ✦ ✦ Her penşenbe güni “Ýaşlar güni” bolar! ✦ ✦ 2026-njy ýylyň Oraza aýynda Ahal welaýatynda we Aşgabat, Arkadag şäherlerinde agyz beklenýän we açylýan wagtlar ✦ ✦ Türkmenistan — BAE işewürlik forumy geçiriler ✦ ✦ Halkara zenanlar güni mynasybetli aýal-gyzlara döwlet tarapyndan pul sowgatlary gowşurylýar ✦ ✦ Türkmen ýaş tennisçileri Manamada geçirilen sebit ýaryşynda öňdebaryjy oruny eýelediler ✦ ✦ Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek ✦ ✦ Bahar - ýaşlygyň we ýaşaýşyň pasly ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Fotosintez amala aşyrýan kompýuter ýasaldy
  15.05.2022
1262
Fotosintez amala aşyrýan kompýuter ýasaldy

Alymlar fotosintez arkaly energiýa saklap bilýän we işlemek üçin az energiýa talap edýän kompýuter ýasamagy başardylar. Kembrij uniwersitetiniň gözlegçileri AA-batareýa ölçegli metal tabaga gök-ýaşyl suwotular diýilýän sianobakteriýalaryň koloniýasyny ýerleşdirdiler.

Soňra bu demir gap, fotosintez edip we ARM Cortex-M0 + çipini işledip biljek elektrik toguny öndürip bilýän penjiräniň üstünde goýuldy.  Elbetde, ulgam häzirki wagtda diňe kämilleşdiriş tapgyrynda, ýöne gözlegçiler suwotular bilen işleýän çipleri geljekde tehnologik enjamlarda ulanyp boljakdygyny nygtalýarlar.

Alymlar suwotulary adaty batareýalardan ýa-da gün energiýasyndan peýdalanmagyň artykmaçlygynyň daşky gurşawa täsiriniň pesdigini we üznüksiz güýç berip biljekdigini aýdýarlar. Şeýle hem, fotosintetik enjamlar batareýalar ýaly gutarmaýar, sebäbi hemişe ýagtylygy energiýa çeşmesi hökmünde ulanýar.

 Gözleglere görä, suwotular bilen işleýän ARM çipi, esasy hasaplamalary ýerine ýetirmek üçin sagatda 0,3 mikrowat sarp edip ulanyldy.  Adaty kompýuterleriň energiýa ulanylyşy iş ýüki we ýaş ýaly faktorlara baglylykda üýtgäp dursa-da, bu ortaça kompýuteriň işlemegi üçin zerur bolan elektrik energiýasynyň diňe az bölegidir.

Jahan NOWRUZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.