Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Enä deňelýän toprak
  25.06.2020
563
Enä deňelýän toprak

         Tebigatyň janly-jandarlarynyň arasynda iň kämil derejä eýe bolany ynsandyr. Beýleki janly jemendelerden tapawutlylykda oňa akyl, duýgy berlipdir. Muňa garamazdan adamzat janly tebigatyň bir bölegidir. Bu ullakan barlyk adamzat we tebigat diýen iki sany ulgama bölünip olary hiç haçan biri-birinden aýryp bolmaýar. Adamzat öz aklynyň esasynda ýaşamak üçin kada-kanunlara eýerýär. Ýeri gelende tebigatyňam ýazylmadyk kanunlary bolup, ejizler güýçlilere eýerip, munda her bir jan ýaşaýyş üçin göreşmeli bolýar. Şonuň üçinem ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak boýunça bütin dünýä ýüzünde içeri we daşary syýasatlar alnyp barylýar.

        Bütin dünýä ýüzünde haýwanlaryň we ösümlikleriň ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini hasaba alyp olary gorap saklamak, we ýitip ýok bolup gitmezliginiň öňüni almak maksady bilen ýörite goraghanalar açylyp “Gyzyl kitaplar” döredildi. Goraghanalarda san taýdan az bolan jandarlaryň erkin ýaşamagy üçin amatly şertler döredilendir. Howa we tempraturanyň üýtgemegi bilen ýitmek howpy abanýan ösümliklere köpelmekleri üçin emeli ýagdaýda ideg edilýär. Munuň özi adamzadyň tebigaty we daşky gurşawy goramaklykda amala aşyrýan işleriniň ýene biridir. Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy gorap saklamak maksady bilen ýörite guramalar döredilip , durnukly ösüşi gazanmakda halkara , sebit ara tagallalara ýardam berýärler. Bu bolsa ýurtlaryň daşary syýasatynyň möhüm bölegidir. Dünýä ýüzünde alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady adamlaryň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklary aýawly peýdalanmakdan we geljekgi nesillere has gözel görnüşde gowşurmakdan, bu ugurda sebit ara hyzmatdaşlygy alyp barmakdan ybaratdyr.

       Maşgalalar birigip obany, obalar birigip etraplary, etraplar birigip welaýatlary, welaýatlar birigip bir ýurdy emele getirýär. Maşgala diýmek kiçijek döwletdir. Şonuň üçinem biz ähli zady Ilki özümizden başlap soňra maşgala agzalarymyzdan talap etmelidiris. Ynha dünýä bähbitli adamzat tarapyndan amala aşyryljak iň bir ullakan işlerinem başy kiçijek ädimlerden başlanýar. Daşky gurşawy gorap saklamaga tebigatyň öňünde her bir adam borçludyr. Ähli zat biziň her günki işe, mekdebe gatnaýan ýollarymyzdan köçelerden başlanmaly. Suw gaplaryny, kagyz  bölekleni we şuňa meňzeş gündelik durmuşda ulanýan esbaplarymyzy, ulanyşdan soň ýörite zibil gutularyna atmaklyk daşky gurşawyň arassalygynyň hemde howpsuzlygyny üpjün etýär. Häzirki günlerde tomsyň jöwzaly yssysy ýer ýüzüne hökümini ýöretýär, Günüň gaty gyzmagy bilen aýna döwüklerine ýada çüýşe böleklerine, ýagly esgilere düşýän gün şöhlesi bilen meýdanlarda, tokaýlarda ýangynlar döreýär. Özümize we maşgala agzalarymyzdan talap etýän kadalarymyz şeýle betbagtçylyklaryň öňüni alýar, başga bir tarapdan hem köpçülik ýerleriniň arassa saklanmagyna ýardam berýär. Arassaçylyk bolsa saglygyň girewidir. Eýýäm birnäçe ýyllardan bäri bag ekmeklik biziň ýurdumy/da asylly däpleriň birine öwrüldi. Ýaşaýyş ýerlerinde baglaryň köpdürliligi ilki bilen kislorod bolçulygyny üpjün edip, miweleriň bol bolmagyna getirýär. Hawa baglary we ekin meýdanlaryny ter we janly saklamak üçin iň esasy zat suw bolçulygydyr. Dag etekler, baýyrlara, meýdanlara emeli ýollar arkaly ekinlere suw tutmak maksady bilen emeli ýolda çekilýän köller, derýalar tozap ýatan meýdanda janly tebigatyň emele gelmegine ýardam berýär. Muny bolsa biz öz bähbidimiz hemde janly tebigaty aýawly saklamak we oňa ýardam bermek diýip hasaplap bileris. Göräýmäne daşynda adamlar tebigat üçin hyzmat etýäne meňzeýänem bolsa ene toprak bol hasyl eçilip öz balalary üçin elinde baryny gaýgyrmaýar. Daýhanyň ýere gaçan bir dänesini müň edip yzyna gaýtaryp berýän topragyň mes bolmagy ýyllaryň bereketli gelmegi bilen' baglanşyklydyr. Bereketli gelen ýyllar ösüşe barýan ähli gapylaryň açarydyr. Ýaşaýyşyň dowamlylygynda ösüş gazanmak adamzadyň baş maksadydyr. Ähli zady içgin yzarlap otursaň zynjyr ýaly baglanşyp gitmegi-de tebigatyň ýazylmadyk kanunlarynyň biridir.

       Dünýä ýüzünde gürleşilýän dilleriň köplügine garamazdan ene we toprak sözleri islendik dilde hem şol bir heňde ýaňlanýar. Müňýyllyklaryň dowamynda adamzadyň dünýägaraýşynda ene sözi mukaddeslik derejesine ýetirlendir. Şol mukaddesligi adamzat şu güne çenli diňe toprak bilen deňäp bilipdir. Yslam dininde adamzady Taňrynyň palçykdan ýasanlygy aýdylýar. Biziň topraga ene diýmegimiz belkäm şondandyr. Şu nukdaýnazardan ugur alyp adamzat iki sany mukaddesligiň öňünde perzentlik borjyny berjaý etmelidir. Biziň hemmämiz eneleriň ynjamazlygy we ene topragyň aýawly saklamaga öz ynsabymyzyň öňünde borçludyrys.