Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦ ✦ Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dilinde geçiriljek suhangöýlük bäsleşigi ✦ ✦ Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Bişkekde medeni çäre guraldy ✦ ✦ Üzärlik – tebigatyň keramatly oty ✦ ✦ Immunizasiýa hepdeligi — ilatyň saglygyny goramagyň ygtybarly ýoly ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Eli hünärli, il gezer
  21.11.2021
317
Eli hünärli, il gezer

 “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda  şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrmagyň 140 ýyllygynyň baýramçylygyny döwlet derejesinde bellenilmegi bizi buýsandyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni uly ösüşlere, rowaçlyklara we toýdur baýramlara beslenýär. Türkmen halkynyň amaly-haşam sungaty baý we köpugurlydyr. Türkmeniň milli egin-eşikleri halkymyzyň milli medeniýetiniň, däp-dessurlary özboluşly aýratynlygyny beýan edýär. Aýratyn hem gelin-gyzlaryň milli egin-eşikleri gadymylygy bilen dünýä bellidir. Bu egin-eşikler asyrlaryň dowamynda öz durkuny doly saklap gelipdir. Dünýäde iň giň ýaýran we has gadymy sungatyň biri hem keşdeçilikdir. Türkmen keşdeçileriniň özüne mahsus bolan ýol-ýörelgesi bar. Çeper elli gelin-gyzlar keşdäniň täsin görnüşlerini tapyp, reňkleri utgaşdyrmagy, olary sünnäläp, matanyň ýüzüne geçirmegi başarypdyrlar. Nagyşlaryň çeperçilik gymmaty hem şu zatlar bilen ölçenýär, ýagny nagyşlanjak matanyň ýüzünde nagyşlaryň dogry we rejeli ýerleşdirilişi, keşdäniň nepisligi we hili, reňkleriň saýhally, rejeli utgaşdyrylyşy göwnejaý ýerine ýetirilýär. Bu çeperçilik serişdeleri keşde salynjak matanyň görnüşi we onuň näme maksat üçin ulanyljakdygy bilen bagly bolupdyr. Türkmen keşdesinde peýdalanylan reňkleriň sany esasan 4-5-den geçmeýär, ýagny ak, sary, mele we iki dürli gyzyl reňkli ýüplik keşde üçin ýeterlik bolupdyr. Reňkiň sany az hem bolsa, olary ýerini bilip ulanmak netijesinde gelin-gyzlar keşdäni milli sungatyň belent derejesine götermegi başarypdyrlar.

 

Toý lybasy bolan kürtäniň biçilişi hem özboluşlydyr. Onuň diňe ýakasy, öňi, etekleri, gapdallary, ýeňiniň uçlary, ýartmaçlary keşdelenipdir. Ussat gelin-gyzlar reňki örän ökdelik bilen saýhallapdyrlar, meselem, keşdäniň düşegi (matasy) ak ýa-da sary bolsa, nagyşda gyzyl reňk agdyklyk edipdir. Goýy ýaşyl ýa-da gök matanyň ýüzüne bolsa ak, sary, gyzyl we goňur ýüplikler bilen keşde çekilipdir. Umuman, bu reňkler biri-birleri bilen utgaşyp, sazlaşykly we göze ýakymly bezegi emele getiripdir. Şeýlelikde kürtä salynýan nagyşlar halk amaly-haşam sungatynyň iň nepis nusgalary hasaplanmaga mynasypdyr. Çünki bulara salnan keşdeleriň dürli görnüşleri çeper elli gelin-gyzlarymyzyň asyrlar boýy sünnäläp, biziň günlerimize ýetiren ajaýyp el işleriniň mizemez nusgasy hökmünde görenleri haýran galdyrýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe parasatly ata-babalarymyzdan, ene-mamalarmyzdan nusgalyk miras galan ýol-ýörelgeleri milli däp-dessurlary maddy we ruhy gymmatlyklary ýaş nesle ýetirmekde ägirt uly işler alnyp barylýar. Türkmen halkynyň milli mirasy ýaş nesli terbiýelemekde, olary hünär öwretmekde uly orna eýedir.