logo

Latest news:
✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦ ✦ Gonkongda türkmen-hytaý atçylyk medeniýetine bagyşlanan sergi geçirildi ✦ ✦ Anadoluda gadymy siwilizasiýalaryň täze syrlary açylýar ✦ ✦ Porsche 100 göterim gaýtadan işlenen materially akkumulýator elementlerini synagdan geçirýär ✦
Home / Nature /Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk
  05.07.2025
944
Ekologiýa medeniýeti boýunça gyzykly oýunly duşuşyk

Ekologiýa medeniýeti bilen baglanyşykly duşuşyk: talyplar işjeň gatnaşdy

 

Aşgabatda — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda şowhunly duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Ykdysadyýet fakultetiniň Dünýä ykdysadyýeti hünärinde okaýan talyplary gatnaşdy. Çäräniň esasy maksady ýaşlaryň ekologiýa medeniýeti baradaky düşünjesini ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda olary işjeňlige höweslendirmek boldy.

 

Duşuşygy Türkmenistanyň Ekologiýa hereketiniň jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri gurnaýjy hökmünde alyp bardylar. Olar öz çykyşlarynda ekologiýa bilen bagly häzirki zamanyň möhüm meselelerine, daşky gurşawy goramagyň ähmiýetine we her bir raýatyň tebigata bolan jogapkärçilikli çemeleşmeginiň zerurdygyna ünsi çekdiler.

 

Duşuşygyň dowamynda talyplaryň işjeň gatnaşmagynda "Jeopardy" görnüşindäki bilermenlik oýny geçirildi. Oýun bäş topara bölünen talyplaryň arasynda bäsleşik görnüşinde guraldy. Oýunda "Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri", "Türkmenistandaky goraghanalar", "Türkmenistan ekologiýasy we ekosistemasy", "Dünýä ekologiýasynyň täsinlikleri" we "Goşmaça soraglar" ýaly gyzykly kategoriýalar boýunça soraglar berildi. Bu oýun gatnaşyjylaryň ekologiýa boýunça bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olaryň toparlaýyn işlemek, çalt pikirlenmek we döredijilikli çözgüt tapmak ukyplaryny hem ösdürdi.

 

Bu görnüşli çäreler ýaşlaryň ekologik dünýägaraýşyny ösdürmekde, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmagyny höweslendirmekde möhüm orny eýeleýär. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi geljekki hünärmenleriň tebigata bolan çemeleşmesini ösdürmäge uly goşant goşýar.