logo

Soňky täzelikler:
✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Ekerançylyk oba hojalygyň esasy pudagydyr
  11.11.2023
2456
Ekerançylyk oba hojalygyň esasy pudagydyr

Türkmenistanyň oba hojalygy ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudagydyr. Sebäbi oba hojalygy halkyň azyk önümlerine hem-de azyk we ýeňil senagatynyň çig mala bolan barha ýokarlanýan talabyny kanagatlandyrýan maddy önümçiligiň wajyp pudagydyr. Oba hojalygy biziň her birimiz üçin örän möhüm bolan esasy maddy we energiýanyň başga hiç bir zat bilen çalşyp bolmajak görnüşi bilen üpjün edýär. Bu üýtgeşik görnüşdäki energiýa her bir adamyň gündelik sarp edýän iýmit önümlerinde jemlenendir. Onuň we senagat önümlerini halkyň gündelik sarp edýän harytlarynyň 3⁄4 bölegine barabardyr. Sonuň üçin hem halkymyzyň hal-ýagdaý derejesi esasan ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüş derejesi bilen gönüden-göni bagkanyşyklydyr.

 


Ekerançylyk – bu azyklyk, tehniki we ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek hem-de olardan bol hasyl almak bilen meşgullanýan oba hojalygynyň esasy önümçilik pudagydyr. Türkmenistanyň ekerançylygy-nyň esasy ileri tutulýan pudaklaryna däneçilik, pagtaçylyk, şalyçylyk, şugundyrçylyk we beýlekiler degişlidir. Oba hojalyk ylmy hökmünde ekerançylyk ýerleri netijeli peýdalanmagyň, topragyň gurplulygyny artdyrmagyň hem-de oba hojalyk ekinlerinden durnukly ýokary we özüne düşýän gymmaty pes hasyl almagyň öňde baryjy usullaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar.

 


Ekerançylyk ýer ýüzünde 1000-lerçe ýyl mundan öň döremek bilen adamzat jemgyýetiniň ýüze çykmagynda we onuň ösüp kämilleşmeginde uly ähmiýete eýdir. Ol özüniň ösüş taryhyny ilkidurmuş jemgyýetiniň ýönekeýje usullaryndan başlap, birnäçe basgançaklary geçip, häzirkizaman ýokary tilsimatly ekerançylyk derejesine ýetendir. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň täze häzirki zaman tilsimatlaryny işläp düzmekde, ekerançylygyň ol ýa-da beýleki pudaklarynyň ykdysady taýdan peýdalydygyna ýa-da pes netijelidigine göz ýetirmegiñ möhüm ähmiýeti bardyr. Emma ekerançylygyň tutuş ulgamyna, onuň her bir çärelerine, ekerançylygyň kanunlaryna we oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryna doly göz ýetirmezden onuň ykdysady taýdan netijelidigine ýa-da däldigine ylmy esasda doly we dogry baha bermek mümkin däldir. Şoňa göräde oba hojalygy bilen iş salyşýän her bir hünärmeniň ekerançylyk we onuň ulgamy barada çuň düşünjesiniň we giň gözýetiminiň bolmagy zerurdyr.
 

 

Şyhmyrat Orazdurdyýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
1-nji ýyl talyby.