Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Düýe maly-dünýe maly
  30.05.2022
1328
Düýe maly-dünýe maly

  Türkmeniň ahalteke aty, arwana düýesi, saryja goýny – bular biziň ýurdumyzyň  milli gymmatlyklarymyz. Düýe maly Hakyň halkymyza eçilen baýlyklarynyň biri.  Düýäni bakmagyň, saklamagyňam lezzeti başga. Düýe malynyň yzyna düşüp bakmagyň zerurlygy ýok. Özi otlamaga gidýärem, soňra ýataga dolanýaram.Düýelere çöl gämileri hem diýilýär. Sebäbi olar çölde iň bir çydamly haýwan hasaplanýarlar. Düýäniň ýüňi çölde yssydan goraýar. Düýe ýüňünden edilen guşak bilagyry, guragyry ýaly dertleri bejermekde ulanylýar. Türk­men düýesi çö­lüň gu­rak ho­wa­sy­na oňat uý­gun­la­şan we suw­suz­ly­ga çy­dam­ly jan­dar­dyr. Olar gy­rym­sy agaç­la­ryň pür­le­ri, ýan­dak, der­man­lyk ot­la­ry ýa­ly gu­rak­çy­ly­ga çy­dam­ly ösüm­lik­leri otlap bil­mek­li­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýar­lar. Düýäniň asylly hereketleri köp. Olar otlap ýörkä-de, selin-sazak ýaly sähranyň ösümlik-agaçlaryny basalap döwüşdirip ýörmeýärler. Çerkez, sazaga boýunlaryny uzadyp, agaç pürleriniň ujundan az-azdan alyp, iýmitlenip ýörýärler. Düýeler tebigatyň ot-çöplerine, agaç-ösümliklerine şeýle aýawly, şeýle eserdeň çemeleşýär. Bu ýagdaý olara öwredilenok. Olaryň tebigy ýaradylyşy şeýle.Uly düýeler 300 kilogram agramlykdaky ýüki götermäge we daşamaga ukyply bolýar. Uly düýeleriň agramy 300 kilogramdan 500 kilograma çenli ýetýär.  Düýe hakynda şeýle sözler bar: “Eger düýä agyr ýük urulsa ony göterer, eger ýola gidilse uzaga gider, eger sagylsa gandyrar, öldürilse doýrar”.
   Düýäniň ödi ýok, süýdi bişirilmäni peýdalanylýar, ýüňi bolsa boýag tutmaýar. Düýäniň keselleriniň başga mallara geçmeýşi ýaly, özge mallaryň dertleri hem oňa ýokuşmaýar. Duýgur, namysjaň, unutmazak, azaşmaýar, suwsyz  heläk bolmaýar. Düýe süýdi peýdaly içgi hasaplanýar. Düýe çalynyň we agaranynyň dermanlyk häsiýetini Lukman hekim hem geljek nesillere pent edip gidipdir. Aýran düýe süýdünden taýýarlanýar. Düýe süýdüne şeker atyp, goýalýança gaýnadýarlar we balgaýmak taýýarlaýarlar.
   Ata-babalaryýyz düýedarçy­lyk bi­len bag­la­ny­şyk­ly gy­zyk­ly mag­lu­mat­la­ry ne­sil­le­re mi­ras gal­dy­ryp­dyr­lar. Dü­ýe süý­di örän peý­da­ly bo­lup, ol syg­ryň süý­di bi­len de­ňeş­di­ri­len­de С we D wi­ta­min­le­ri­ne üç es­se baý­dyr. Dü­ýe süý­di, esa­sy dü­ýe ça­ly­ny taý­ýar­la­mak üçin ula­nyl­ýar. “Dü­ýe ça­ly-der­de dä­ri” di­ýil­me­gi hem ýö­ne ýer­den däl­dir. Tom­suň jöw­za­syn­da dü­ýe ça­lyn­dan teş­ne­li­gi­ni gan­dy­ran yn­sa­na gyz­gyn ho­wa tä­sir et­me­ýär. Dü­ýe ça­ly in­çe­ke­sel, aş­ga­zan ke­sel­le­ri üçin örän peý­da­ly der­man­lyk iç­gi ha­sap­lan­ýar. Dü­ýe süý­dün­den çal­dan baş­ga-da aga­ran, süz­me, gurt önüm­le­ri taý­ýar­la­nyl­ýar. Ola­ryň hem­me­si-de ada­myň gün­de­lik ýa­şa­ý­şyn­da giň­den peý­da­la­nyl­ýar.
Düýe ýüňüniň peýdalary:
Dü­ýe ýü­ňi hem ta­pyl­gy­syz çig mal ha­sap­lan­ýar. Dü­ýe ýü­ňün­den edi­len sa­çak­da me­le-mys­syk çö­re­gi uzak wagt­lap sak­lap bol­ýar. Dü­ýe de­ri­sin­den ti­ki­len ça­ryk gyş­da so­wuk­dan go­ra­ýar, suw ge­çir­me­ýär, ýum­şak hem ýy­ly bol­ýar. Dü­ýe ma­ly oja­gyň rys­gal-be­re­ke­di­niň gö­nez­li­gi ha­sap­la­ny­lyp­dyr. Ge­l­na­ly­jy üçin saý­la­nyp alyn­ýan üs­ti ke­je­be­li, gap­dal­la­ry dü­ýe­baş­lyk­ly, boý­ny jaň­ja­gaz­ly ak­ma­ýa bol­sa, özü­niň owa­dan­ly­gy bi­len gö­zü­ňi do­kun­dyr­ýar.
Düýe esbaplary:
Howut – Ýük urlanda düýäniň endamyna zyýan ýetmez ýaly ýörite taýýarlanýan esbap.
Hatap – Mümkin boldugyça dagdan agaçdan ýasalyp, howudyň öň  tarapynyň üstünden goýlup berkidilýär.
Halyk – Ýörite taýýarlanan keçeden we.ş.m. zatlardan ýasalyp, düýäniň arkasyna atylýan ortasy dilik esbap. Halyk gyşda düýe üşemez ýaly onuň üstüne atylýar.
Büýli – Düýäniň burnundan geçirilýän ujy epenekli agaç.
Delilbag – Düýäniň burunlygynyň ujuna dakylýan inçejik ýüpjagaz, tirkeg bagy.
Duşak – Düýäniň iki öň aýagyny çatmak, daňmak üçin ýörite işilip edilýän ýüp.
Düýe bezegleri:
Düýebaşlyk- düýäniň kellesinden başlap tutuş üstüne atylýar.
Düýedyzlyk- düýäniň dyzlaryna dakylýar.
Kejebe- gelin alnanda, gelni düýä mündürip alyp gitmek üçin ýörite agaçdan ýasalyp, üstünde gurulýan dört tarapyna ýapgyt enjam.

Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy
 kafedrasynyň mugallymy Aýbek Tajyýew