Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly Pyragynyň ýubileýine bagyşlanan halkara forum dünýä metbugatynyň ünsüni özüne çekdi ✦ ✦ Sanly ulgamyň öňegidişlikleri ✦ ✦ 2025-nji ýylda Zagrebde göreş boýunça dünýä çempionaty geçiriler ✦ ✦ Kitap halklary ruhy taýdan birleşdirýän köpri ✦ ✦ Magtymgulynyň eserleri dostlukly yurtlaryň edebiýatynda ✦ ✦ Türkmen edebiýatynyň akyldary ✦ ✦ Sungat ojagymyzda - Türkmen Alabaýy ✦ ✦ Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetleriniň ählumumy görkezijisine girdi ✦ ✦ Türkmen wekilleri Gazagystana iş saparyna çagyrylýar ✦ ✦ Türkmen alymlary «Suwaryş we suw hojalygy – azyk we ekologik howpsuzlygyň esasy» atly maslahata gatnaşdylar ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dutar-gyjagyň çyn ussady
  21.04.2020
646
Dutar-gyjagyň çyn ussady

   Türkmen mukamy, onuň sütün-sütün halypalary barada söhbet açylsa, milli sazymyzyň ägirtleriniň ençemesini dünýä inderen gadymy Bamy obasy göz öňüne gelýär. Onuň goýnunda ady külli türkmene ýaýran meşhur Sary bagşy, onuň ogullary Pürli Sary, Oraz Sary, Nury Sary dagy ösüp kemala geldiler.

    Pürli Saryýew halkymyzyň arasynda halypalyk görkezip, «Ýeke-täkdir Pürli» diýdiren, dutar, gyjak, bagşyçylyk ugrundan öz halkynyň öňünde bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary bitiren halypadyr. Pürli Saryýew ile çykyp aýdym aýtmasa-da, bagşyçylygyň her bir ýolundan baş çykaryşy üýtgeşik. Pessaýrak sesini bezäp, bagşyçylygyň islendik ýolunyň adyny tutsaň, edil özi bolup bilýärdi, hat-da ägirt Sahy Jepbar hem ondan aýdym öwrenmegi özüne dereje bilerdi.

         Pürli Sary dutarçydy, ol «Pürli Sarynyň çalşyny» döretdi, bu bolsa dutara erk etmegiň elýetmez belentligi diýmekdir. Pürli Sary gyjakçydy, ol kakasy Sary bagşydan başlap, türkmen iline ady belli bagşylaryň hemmesine diýen ýaly gyjakda sazandarlyk edipdi. Ol Sapar Bekiden özge gyjakçy küýsemeýän Magtymguly Garly bilenem gidişip bilýärdi. Dessançy bagşyçylyk ýolunyň halypasy Nazar Baganyň: «Sazanda diýeniň Pürli Sary ýaly bolaýsa. Pürli sazandaň bolsa, aýdyma ýerem galmaýar. Meniň göwnüme bolmasa, Pürli gyjak çalsa-da, edil aýdym ýaly eşidilýär. Onuň bilen öňräk duşan bolsak aýdymy başgaça aýdardyk» diýen sözleri bellärliklidir.

         Şahyr Gara Seýitliýewiň:

Elli ýyl elinde gyjakdyr dutar,

Elli ýyl saz çalan ynsan bagtyýar.

bu setirleri Türkmenistanyň halk artisti Pürli Saryýewe bagyşlanandyr.

         Sazanda, ýerine ýetiriji, mukamçy kompozitor, belli sazandalaryň ençeme neslini ösdürip ýetişdiren Pürli aganyň saz gorunyň çägi ýokdur.

         Pürli Sary kakasy Sary bagşynyň: «Biziň sazymyz bir börňülläp ýatan akabadyr. Kesbiňe jür bolmasaň, şol akabadan agyz suwam ýetmez. Çyn sazanda bir heňi dünýäniň bar nepinden eý görýändir. Pespäl boluň! Islegli ýerinde zehiniňizi paýlaşyň, sarpaňyz artar» diýen bu pendine, ömrüniň ahyryna çenli wepaly boldy. Senedine ikilik etmedi. Ümmülmez saz mirasyny özünden soňkulara ýadygärlik galdyrdy.

   Pürli aganyň «Zehin taplamak jebriň ulusy. Ol pil taplamak däl. Başarmasaň, körügiň uçguny jazyrdap, ýüzüňi daglar. Ýöne çyn bagşy, sazanda boljak bolsaň, zehinden başga-da gerek zat bardyr. Şolaryň ikinjisi ylhamdyr. Ol nebereden geçýän zat däl. Öz gurumyňa bagly. Ylham zehiniňe uçar ganat berýär» bu aýdanlary nesillere wesýetnamadyr. Kel bagşynyňky, Sary bagşynyňky, Täçmämmet Suhangulyýewiňki, Mylly Täçmyradowyňky, Magtymguly Garlyýewiňki, Sahy Jepbarowyňky, Nobat bagşynyňky, Girman bagşynyňky, Oraz Salyryňky ýaly Pürli Sarynyňam ussatlygy möwritsiz, hemme nesillere nusgalykdyr.

   Pürli Sarynyň dutarynda, gyjagynda gaýnap joşan «Müşgül», «Sallana», «Ýaşylbaş», «Nergiz», «Gyrat», «Çoh derde goýan ýarym», «Harazman», «Gülzar», «Ýar derdiňden», «Kararym», «Ýyldyz dagy», «Ýandym», «Teşnit» ýaly sazlar mukama teşne adamlaryň göwünlerini gandyrýar, olara ruhy lezzet berýär.

   Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli medeniýetimiziň ösmegine bahasyna ýetip bolmajak goşant goşan adamlar bilen bir hatarda Pürli Sarynyň hatyrasy hem belent tutulýar. Onuň gaýtalanmajak sungaty biziň genji-hazynamyzdyr.