Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Durmuşa çykjak gyzyň bukjasyna salynjak milli lybaslaryň aýratynlygy
  26.03.2024
437
Durmuşa çykjak gyzyň bukjasyna salynjak milli lybaslaryň aýratynlygy

“Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän giň şert mümkinçilikleri esasynda ene-mamalarymyzdan nusga galan milli mirasymyzy çuňňur öwrenmek, täze öwüşgin bilen ösdürmek babatynda uly işler amala aşyrylýar. Sungat derejesine ýetirilen nusgalyk mirasymyzyň gadyr gymmaty belentde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu ugurda öňde goýýan wezipelerinde geçmişiň tejribelerini geljek üçin aýap saklamagyň we ony ertirki güne ýetirmegiň her döwrüň öňünde durýan borçdugy bellenilýär.  

 

Gahryman Arkadagymyz “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly kitabynda: “Millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, olara halkara ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek biziň esasy maksatlarymyzyň biridir” diýmek bilen, milli sungatymyzy, maddy we ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek we dünýä ýaýmak meselesinde biziň öňümizde uly wezipeleri goýýar. Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdyp, agzybirligiň, ynsanperwerligiň nyşany bolup hyzmat eden halkymyzyň üme däbi biziň şu günlerimizde hem uly ähmiýete eýedir. Üme däbi durmuşa çykýan gyzyň öýüne onuň boýdaşlarynyň jemlenmegi, dürli el işlerini üýşüp ýerine ýetirmekleri, şeýle-de degişmedir ýomaklary aýdyşmaklary esasynda ýerine ýetirilipdir.  

 

Türkmen zenanlary keşde etmegiň inçe tärlerini ümeçilik däbiniň üsti bilen nesillere geçiripdirler. Üme dessurynda birnäçe gyz-gelinleriň jemlenişip, bir ýere üýşüp el işlerini ýerine ýetirýärler. Köp ýerlerde “üme” diýilýän bolsa, käbir ýerlerde “gyzyň bukjasyny taýýarlamak”, “gyzyň dokuzy” hem diýilýär. Dokuz diýmegiň manysy bolsa durmuşa çykjak gyzyň bukjasyna salynýan lybaslaryň dokuz görnüşli bolmagyny aňladypdyr.  

 

Halkyň berjaý edýän her bir däp-dessury onuň taryhy geçmişi, gündelik durmuşy, edep-terbiýesi, milli ýol-ýörelgesi bilen berk baglanyşykly bolupdyr. Türkmen halkynyň baý hem özboluşly halk döredijiligi bar. Halk döredijiligimizde sanlara hem aýratyn üns berlipdir. Dokuz san bilen baglanyşykly söz düzümlerini muňa mysal getirip bolar: “Agasy aga bolanyň goly dokuz bolar”, “Çopan taýagym dokuz beladan gutarar”, ýeri gelende aýtsak Magtymguly şahyryň hem birnäçe 9 san bilen bagly goşgularyna gabat gelinýär. "Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde” diýlen setirler aýdylanlara doly güwä bolup biler. Ýa-da taryhda kuwwatly han-beglere “9 tugly han” diýlipdir.

 

 Halkyň arasynda dokuzy düzüw diýilýän söz hem bar. Bu dokuzy düzüwlik imanlylykdan, agzybirlikden, ynsanperwerlikden, watansöýüjilikden, pespällikden, ylmylykdan, zähmetsöýerlikden, merdanalykdan we halal bolmakdan ybaratdyr.  

 

Gyz bukjasynda “dokuzy düzüwlilik” hemme zadyň ýerbe-ýer bolmaklygy ýagny bukjada kiçi we uly ýaglyklaryň, daş geýimiň, keteni lybasyň, aýak geýimiň we beýleki lybaslaryň bolmagyny gyzyň baran ýerinde-de ähli ulanjak zatlarynyň üpjün bolmagyny aňladypdyr. Gyzlarda “üme” däbiniň bolmagy olaryň biri-biri bilen bäsleşip ýerine ýetirýän nagyşlarynyň has-da görnükli, nepis bolmagyna itergi beripdir. Durmuşa çykjak gyzyň bukjasy hökman öz eli bilen edilen bolmalydyr. Ol bolsa eli çeperliligi, nagyşlaryň zybalygyny görkezipdir. Şoňa seredip bukjany görýän zenanlar el işlerine baha beripdirler. Hut şunuň esasynda geljekde öý işlerini nähili ýöretjekdigine baha berlipdir. “Üme” däbiniň özi agzybirligi, birek-birek bilen dostana gatnaşyklary alyp barmak, birek-birege kömek bermek duýgularyny kemala getirmäge, halypa-şägirtlik mekdebiniň pugtamagyna getirýär. Şeýle-de ümede öýüň bikesi gyzlaryň hereketlerini, özlerini alyp barşyny, eden el işlerini synlapdyrlar we ogullaryna gelinlik hem saýlapdyrlar. “Dokuza” salynýan zatlar näçe zyba, görnükli edilen bolsa gyzyň alyn-bagtynyň açyk bolmagyny aňladypdyr. Olardaky reňkleriň sazlaşygyna hem aýratyn üns berlipdir. Gyzyl reňk esasan günüň toý-dabaraly, şatlykly geçsin diýlip gyzyl reňke uly ähmiýet berlipdir. 

 

  Gyz öz bukjasyny göze görnüp ugrandan taýýarlap başlapdyr. Ene-mamalarymyz boş wagtlaryny netijeli peýdalanmagy, zähmete höwes döretmegi, maksada okgunlylygy, başlan işiň ahyryna çenli dowam etmekligi, öz bitiren işiňden lezzet almagy öwredipdirler. “Ümä” ýaňy öwrenjeleriň hem barmagy olaryň hem kämilleşmegine ýardam beripdir, bu bolsa el işleriniň nesilden-nesle geçmegine itergi beripdir.       

 

Ümede iş öwrenýän gyzlaryň barmagyna ýüwse geýşini, sapak işişini ony iňňä sapyşyny ezber elli enelerimiz hiç wagt ünsden düşürmändirler. Üme dessurynda gyz-gelinlerimiziň ýerine ýetirýän aýratyn däp-dessurlary bolupdyr. Ol yrym-ynançlar iňňe, sapak sapmak, köýnek biçmek bilen baglanyşykly amala aşyrylypdyr. Olar “uzyn sapagy iňňä sapýan gyzlar uzakdaky oba durmuşa çykar, gys-ga sapsa, ýakyn ýere durmuşa çykarmyş”, “ýüpege düşen düwni emaý bilen çözüp bilýän gyz, baran ýigidiniň göwnüni tapar” diýen yrymy edipdirler.

 

 Tikin tikeniňde birden sapagyňa çigin düşse, çözüp bilmeseň, «Ýoldaşyň göwnüne ýetip bilmersiň» diýlip, çak edilýär. Iňňe ýitende «Iňňe-iňňe, ýoldaşyň gelýär, çaý gaýnat» diýip, üç gezek gaýtalamaly. Şonda ýiten iňňe tapylarmyş diýýärler. Ümede çykjak gyzyň kürtesiniň taýýarlanylyşynyň aýratyn bir düzgüni bolup, gyz-gelinleriň bilelikde taýýarlamagynda amala aşyrylýar. Durmuşa çykýan gyzyň kürtesi, çabydy taýýar bolandan soň şol kürtäni atynjak gyzlara bagyşlap ýörite goşgulary hem aýdypdyrlar. 

    

Şu pursatda milli däplerimizi öwrenmäge, dowam etdirmäge döredýän uly mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize - Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza özümiziň çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

 

Sona ARAZGELDIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.