Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanda CIET-2025 forumy geçiriler ✦ ✦ Ženewada bitaraplyk meselelerine bagyşlanan halkara forum geçirildi ✦ ✦ BMG-niň Baş Assambleýasy «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamany kabul etdi ✦ ✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Durmuş abadançylygynyň kepili
  25.04.2023
720
Durmuş abadançylygynyň kepili

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan ykdysady syýasat ýurdumyzy innowasion taýdan ösdürmäge, ösen senagat kuwwatyny döretmäge we ykdysadyýetiň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gönükdirilen milli ykdysadyýeti tapgyrlaýyn kemala getirmeklik bolup durýar. Bu ugurda toplumlaýyn çäreleriň görülmegi esasy makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny saklamaga ýardam berýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bu ugurdaky möhüm wezipeler bellenilýär. Ýurdumyzda täze hem kämil tehnologiýalary netijeli peýdalanmagyň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak arkaly innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň hasabyna durnukly ösüşiň berk binýady kemala getirilýär. Ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, onuň düzümini kämilleşdirmäge köp möçberde maýa goýumlar, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlary gönükdirilýär. Netijede, ýurdumyzda köpugurly ykdysadyýet döredilýär. Häzirki wagtda milli ykdysadyýetimiz ýurdumyzyň baý geoykdysady mümkinçiliklerini, önümçilik kuwwatyny peýdalanmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly işjeňleşdirilýär. Şonuň netijesinde bolsa eziz diýarymyzyň önümçilik kuwwaty barha artýar. Ilatyň ýaşaýyş şertleriniň ýokary derejesini saklamaga gönükdirilen saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý, jemagat hojalygyny kämilleşdirmeklige uly orun degişlidir. Täze taryhy eýýamda ýurdumyz milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ykdysady ösüşiniň esasy aýratynlygy hem onuň maksatnamalaýyn esasda ösdürilýändiginde jemlenendir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli amal edilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Arkadagly Serdarymyzyň pähim-parasady bilen kemal tapýan bu möhüm wezipeler, oňyn başlangyçlar bolsa mähriban halkymyzyň abadançylygyna we ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen döwletli tutumlaryň mundan beýläk hem netijeli ösüşlere beslenjekdigini alamatlandyrýar. 

 

Aýjahan JUMAÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 2-nji ýyl talyby.