Dünýäniň dürli ýerlerinde özüniň gözel keşbi, ajaýyp tebigy ýagdaýy we binagärlik aýratynlyklary bilen tapawutlanýan sebitler bolup, şeýle ýerleriň arasynda görenleri haýrana goýýan owadan obalar hem bar. Dünýäniň şeýle obalarynyň ajaýyplygy, üýtgeşik owadanlygy ençeme syýahatçylary, dünýä jahankeşdelerini özüne çekýär. Geliň, dünýäniň şeýle obalarynyň käbiri bilen tanyş bolalyň:
Kolmar obasy. Fransiýanyň gündogar sebitinde ýerleşýän bu oba örän owadan keşbe eýedir. Ady Kolmar bolan bu oba ýurduň Elzas welaýatynda ýerleşip, oba ýaşaýjylary bu ýerde esasan hem üzüm ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýar. Obanyň içinden birnäçe kanallar akyp geçýär, bu ýagdaý bolsa Wenesiýany ýadyňa salýar.
Garmiş-Partenkirhen obasy. Bu oba Germaniýanyň günortasyndaky dag eteginde ýerleşýär. 1936-njy ýylda bu ýerde IV gyşky Olimpiýa oýunlary geçirilýär. Gözel dag tebigatynyň jümmüşindäki bu sebit gyş paslynda şaglawuklaryň doňmagy bilen örän üýtgeşik keşbe eýe bolýar we bu ýeriň syýahatçylyk ähmiýetini has-da artdyrýar.
Gasadalur obasy. Şotlandiýanyň demirgazygyndaky ýerleşýän bu obanyň çägi Farer adalaryna degişlidir. Deňiz derejesinden 213 metr belentlikde ýerleşýän bu täsin oba diňe deňiz arkaly baryp bolýar. Obada deňiz kenary kert-uçut gaýaly bolup, bu oba barmak üçin ýörite gurlan basgançaklar bilen ýokarlygyna çykmaly bolýar.
Reýne obasy. Bu ajaýyp oba Norwegiýanyň Moskenesoýa adasynda ýerleşýär. Reýne obasynyň ýaşaýjylary, esasan, balykçylyk bilen meşgullanýarn halk bolup, ilat sany 300 adamdan gowrakdyr.
Hallştatt obasy. Awstriýanyň demirgazygynda adybir kölüň kenaryndaky bu obanyň taryhy örän gadymydyr. Onuň taryhy miladydan öňki bäş müňünji ýyllara çenli baryp ýetýär. 1997-nji ýylda bu ajaýyp sebit ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Gimalaý dagyndaky oba. Hytaýyň Tibet sebitinde ýerleşýän bu ajaýyp oba örän täsin keşbe eýedir. Ol Gimalaý daglarynyň eteklerindäki ululy-kiçili birnäçe obalaryň toplumyndan ybaratdyr. Bu obalara diňe pyýada ýa-da ulag hökmünde peýdalanylýan haýwanlar arkaly baryp bolýar.
Maral ALLABERDIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.