Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gözlegçiler süýdemdirijileriň beýnisiniň ösüşini görkezýän 3D atlas döretdi ✦ ✦ Türkmenistanyň hünär biliminiň ösüşinde DARYA maksatnamasynyň orny ✦ ✦ Türkmen tennisçileri halkara ýaryşda baýrakly orunlary eýelediler ✦ ✦ Bitaraplygyň buýsanjy ✦ ✦ Лучший студент тюркских народов –Давуд Довлетов ✦ ✦ Türki halklaryň iň gowy talyby – Dawut Döwletow ✦ ✦ Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasynyň ösüşi ✦ ✦ Türkmenistanda dil bilimini ösdürmek üçin täze kitap ✦ ✦ Täze dil gollanmasy okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk:Sanly serhedi goramak ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dün­ýä­niň iň owa­dan at­la­ry
  02.04.2022
1365
Dün­ýä­niň iň owa­dan at­la­ry

Ahal­te­ke aty. Ahal­te­ke aty, ozal­dan bä­ri Kö­pet­da­gyň ete­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len at tohumy­dyr. Bu at­lar özleriniň suw­suz­ly­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len tapawut­lan­ýar. Şeýle hem, in­çe­den uzyn aýak­la­ry, nä­zik­den çe­ýe bede­ni, gün nu­ru­na ýal­kym saç­ýan  ga­myş­gu­lak türk­men be­de­wi­niň özü­ne mah­sus aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. Akyl­ly­ly­gy, duý­gur­ly­gy, en­dik­dir hä­si­ýe­ti bi­len eýe­si­niň söý­gü­si­ni ga­zan­ýan­dy­gy, eýe­si­ne we­pa­ly­ly­gy bilen bu atlaryň şöh­ra­ty­ny ar­şa göterýär. Ahal­te­ke at­la­ry dünýä at­şy­nas­la­ry ta­ra­pyn­dan uly gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän aras­sa gan­ly tohum aty­dyr.

Fýord aty. Nor­wegiýaly­lar ta­ra­pyn­dan ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len fýord at­la­ry dün­ýä­dä­ki iň gady­my we iň aras­sa at to­hum­la­ry­nyň bi­ri­dir. Fýord aty­nyň bo­ýy 150 sm tö­we­re­gi bolup, çydamlyly­gy, güýç­lü­li­gi we adam­lar bi­len hoş­ni­ýet­li gat­na­şyk­da bol­mak bi­len meş­hur­lyk gazanýar. Fýord to­hu­my­nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan bi­ri, ola­ryň tak­my­nan 90 gö­te­ri­mi­niň go­ňur reňkde bol­ma­gy­dyr. Fýord­lar at­çy­lyk mek­dep­le­rin­de giň­den ula­nyl­ýar.

Arap aty. IV-VII asyr­la­r­da Arap ýa­rym ada­sy­nyň çä­gin­de ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len at­la­ryň ga­dy­my to­hu­my­dyr. Olar 100 ki­lo­metr­den gow­rak ara­ly­ga ça­pyp bil­ýän­di­gi hem-de suw­suz­ly­ga çy­dam­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Arap aty, esa­san, at çapyşyk­la­ryn­da, dynç al­ýan­lar üçin ge­zer­li at hök­mün­de giň­den peý­da­la­nyl­ýar. Arap aty­nyň beý­le­ki to­hum­lar­dan ta­pa­wu­dy kon­kaw kellesinden we uly göz­lerinden baş­ga-da, atyň dür­li tiz­lik­de ýo­ka­ry gö­ter­ýän «ho­raz» guý­ru­gy­dyr.

Ibe­ri­ýa aty. Ibe­ri­ýa at to­hu­my­nyň dö­rän ýe­ri Ýew­ro­pa­nyň uly bö­le­gi­ni eme­le ge­tir­ýän Ibe­ri­ýa ýa­rym ada­sy­dyr. Hä­zir­ki wagt­da ibe­ri­ýa aty­nyň iki gör­nü­şi bar: «An­da­lus» we «Lu­si­ta­no». Öziniň do­ga­bit­di owa­dan­ly­gy, sy­rat­ly­ly­gy, çe­ýe­li­gi se­bäp­li, bu at­lar köp­lenç dür­li çy­kyş­lar­da, sirkde, gö­zel­lik bäs­le­şik­le­rin­de, kon­kur ýa­ryş­la­ryn­da ula­nyl­ýar.

Han­no­wer aty. Ýew­ro­pa­da iň köp ýaý­ran aras­sa gan­ly to­hum at bolup, bu atlar 1735-nji ýyl­da se­çi­lip alyn­ýar. Han­no­wer at­la­ry sport ýa­ryş­la­ry­nyň be­ze­gi bo­lup, hal­ka­ra ser­gi­ler­de, bökmek we at esbap­la­ry bi­len be­ze­mek, şeý­le hem şaý-sep dak­mak ýa­ryş­la­ry­nyň kö­pü­sin­de öňdäki orun­la­ry eýele­ýär.

Akjagül ATAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.