Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Mary DES-i elektrik energiýasyny öndürmekde ýokary netijeleri gazandy ✦ ✦ Aktauda Hormatly Prezidentimiziň kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Mary welaýatynyň gaz pudagy 2026-njy ýyly ýokary önümçilik netijeleri bilen başlady ✦ ✦ Bank we söwda ulgamlarynyň sanlylaşdyrylmagy dowam edýär ✦ ✦ Türkmenistanda maldarçylygyň ekologiýa taýdan durnuklylygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ «Bitaraplyk — dillerimiziň senasy» atly iňlis dili bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen talyplary nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadada üstünlik gazandylar ✦ ✦ Arkadag şäherinde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi ✦ ✦ Hytaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ösdürilýär ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Dünýäniň emeli dilleri hakynda bilmek gyzykly...
  21.04.2022
1211
Dünýäniň emeli dilleri hakynda bilmek gyzykly...

 Dünýä ýüzünde dilçi alymlar we beýleki degişli hünärmenler adamlaryň arasynda birek-birek bilen aragatnaşyk gurup biljek ählumumy emeli dilleri döretmek baradaky pikirler irki wagtdan bäri dowam edip gelýär. XIX asyrda şeýle meseleleriň ençemesi peýda boldy we ençeme emeli diller döredildi. Olaryň käbiri hakynda durup geçeliň:
Solresol
Aýdym-saz ugruna esaslanyp döredilen emeli dil bolup, ol 1817-nji ýylda fransiýaly Ž.Fransua Sýudra tarapyndan döredildi. Diliň elipbiýi sözleri düzýän bogunlary emele getirýän bellikleriň atlaryndan ybarat bolup durýar. Bu dilde diňe bir gürleşilmek bilen çäklenmän, aýdym aýtmak, saz gurallary bilen hem aragatnaşyk gurup bolýar. Onda işlikleri, sypatlary we beýleki sözlemleri aňlatmak üçin kömekçi sözler zerurdyr.
Uniwersalglot
Bu dil Ýewropanyň milli dilleriniň arasynda umumy elementlerden döredilen ilkinji emeli dil hasaplanylýar. Ony dörediji fransuz dilçisi Ž.Pirro bu diliň taslamasyny 1868-nji ýylda teklip etdi. Bu emeli dilde latyn elipbiýiniň, roman, nemes dilleriniň sözleri ulanylýar.
Wolapýuk
XIX asyryň ikinji ýarymynda meşhurlyk gazanan ilkinji emeli halkara dil boldy. Ol nemes ruhanysy Iogan Şleýer tarapyndan 1879-njy ýylda döredildi. Diliň awtory latyn elipbiýini onuň esasy hökmünde gördi. Wolapýuk dili nemes diline örän ýakynlygy bilen tapawutlanýar. Wagtyň geçmegi bilen bu emeli diliň reformasynyň zerurlygy baradky sorag ýüze çykanda üýtgeşmeleri goldaýanlar bilen garşydaşlaryň arasynda bölünişik ýüze çykypdyr.
Esperanto
Oýlanyp tapylan emeli dilleriň arasynda iň meşhur dil hökmünde bellidir. Dil 1887-nji ýylda polýak okulisti L.Zamengof tarapyndan döredildi. Ol çagalykdan dürli halklaryň raýatlarynyň arasynda aragatnaşyk gurmak üçin umumy dil döretmegi arzuw edipdir. Lukman öz dilini beýan edýän ýörite kitapçany çap etdiripdir. Diliň söz düzümi roman-nemes dillerine esaslanan, grammatikasy hem 16 düzgüne çenli azaldylan, bu bolsa dili öwreniş prosesini aňsatlaşdyrýar. XIX asyryň birinji ýarymynda bu dil gaty meşhur bolup, ony halkara guramalarynyň diline öwürmek meselesi hem maslahatlaşyldy. Ýöne ikinji jahan urşundan diliň meşhurlygy peselip başlapdyr. Dürli çeşmelere görä, häzirki wagtda bu diliň dünýäde 200 müňden 2 milliona çenli gürleýjisi bar.
Linkos
1960-njy ýylda gollandiýaly matematik H.Froýdental tarapyndan döredildi. Dil “lingua cosmica” sözleriniň gysgaltmasyndan alnyp, ol “kosmiki dil” diýmekligi aňladýar. Onda hiçhili kadadan bolman, adyndan hem belli bolşy ýaly kosmos giňişligine habar ibermek we almak üçin döredilen. Bu dil kosmos gullugy boýunça degişli hünärmenler tarapyndan iberilen habarlary kodlamak we beýleki maksatlar üçin birnäçe gezek ulanyldy.

Ogulgerek Garýagdyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy