logo

Latest news:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Home / Interesting /Dünýäni ilkinji bolup “Emeli aň” bilen tanyşdyran adam
  25.04.2022
1646
Dünýäni ilkinji bolup “Emeli aň” bilen tanyşdyran adam

Emeli aň käbirileri üçin gyzykly bolsa-da käbirileri üçin howply ýaly görünýär. Durmuşymyza ýuwaş-ýuwaşdan aralaşýan emeli aň gysga wagtyň içinde köp zady ýeňilleşdirdi we häzirki wagtda hem ýeňilleşdirmegini dowam edýär.

Gündelik edilýän işleri edil adamlaryňky ýaly ýerine ýetirýän kompýuterleriň geljegi uly hasaplanylýar. Bu kompýuterler emeli aňly kompýuterler hasaplanylýar. Emeli aň düşünjesini ilkinji bolup Jon Makkarti oýlap tapýar. Ol emeli aň üçin ýörite Lisp atly programmirleme dilini döredýär.

Jon Makkarti 1927-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Boston şäherinde irland maşgalasynda dünýä inýär. Makkarti özüniň tebigy zehini bilen orta mekdebi beýleki okuwçylara garanyňda 2 ýyl ir gutarýar. Ol ýaşlykdan öňdebaryjy matematikany öwrenip özüni kämilleşdirýär. Ýokary bilimi alanyndan soň Makkarti 1956-njy ýylda ilkinji emeli aň baradaky konferensiýasyny guraýar. Şol ýyllarda onuň öňe süren emeli aň pikirine hiç kim üns bermeýär. Emma, ol geljek ýyllarda emeli aňyň ylmyň we bilimiň şeýle-de ykdysadyýetiň beýleki ugurlaryna ornaşdyryljakdygyna ynanýardy. Ol öz maksadyna ýetmek üçin ylma "emeli aň" diýen düşünjäni girizýär. 

Makkarti 1965-nji ýylda emeli aň laboratoriýasyny esaslandyrdy. Bu ugurda iň möhüm baýrak hasaplanýan Týuring baýragyny 1971-nji ýylda gazanan üstünlikleri we kompýuter bilimine goşan goşandy üçin almaga hukuk gazandy.

Göwher AÝMÄMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.