Ýazyň gelmegi bilen ukyda ýatan tebigat oýanyp, guşlar guş dilinde aýdym aýtýarlar. Janly tebigatyň täzelenşini tutyş barlyk baýram edip belleýär. Şol sanda niçeme asyrlardan bäri adamzat kowmy hem ýazyň ilkinji günlerinde “Nowruz baýramy” diýip bu senäni aýratyn atlandyrypdyrlar. Nowruz tebigatyň gyşdan çykmagy we bolelinligiň, berekediň gelmegi ýaly birnäçe manyny özünde jemleýän möhüm bir gündir. Nowruz baýramy dogrysynda aýdylmak isleýän uzyn söziň gysgasy “Tigsan dolup ýaz geldi” diýen jümlede jemlenipdir. Ýazyň gelmegi bilen daýhanlaryň, çopanlaryň durmyşynda ýaratyn günler başlaýar. Adamlaryňň uzak ýyllaryň dowamynda tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, ondan peýdalanmagyň dürli usyllaryny giňden ulanmagy başarypdyrlar. Ýeri gelende aýtsak “Nowruz baýramy” iň bir gadymy baýramçylyklaryň biri bolup ol musylmanlaryň “Täze ýyl baýramy” hasaplanylýar. Şonuň bilen bir hatarda bu senäni Özbegistan, Türkiýe, Azerbeýjan, Gazak, Çuwaş, Tatarystan ýaly doganlyk halklarynyň hem milli baýramydyr. Hut şol nukdaýnazardan ugyr alyp bu gadymy baýram ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi hem-de BMG-nyň Baş Assambileýasy tarapyndan kabul edilen ýörite kararnama esasynda Halkara Nowruz güni hökmünde yglan edildi.Halkara bellenilýaän bu baýram, halklaryň arasynda parahatçylygy berkitmäne, Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny ýaýmaga özüniň mynasyp goşandyny goşýar.
Ýurdymyzda her ýyl Milli bahar baýramy-halkara Nowruz güni ýokary okuw jaýlaryndan başlap, serhet birikmelerde, etraplarda, obadyr şäherlerde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Yna şeýle toý gününde, baýram gününde gadymy türkmenleriň ýaýlasynda ak öýler dikilip, kyrk gulakly gazanlar atarylyp, şaman ody ýakylyp, hiňňillikler guralyp goşa dutaryň bagryndan syzlyp çykýan owaz bilen birlikde türkmen agasy gadymdan gelýän däp dessurlaryna eýerip Nowruz baýramyny belleýär. Aýratyn hem ýurdymyzdaky medenýet we sungat işgärleri özleriniň çykyşlary , aýdymdyr-sazlary, milli tansylary, gülkili sahna eserleri, türkmen milliligini wasp etýän falklýorlary bilen birlikde baýramçyly şowhunyny has hem gyzykdyryp usssatlyk bilen bezeýärler. Çaga bary meýdanyň owlak guzysy bilen oýnaşsa, gyzlar läle kakyşyp, älem goşary paýlaşyp, kömelke gözleýärler, gelinler agzybirlikde bir –birege goldaw bolşyp milli tagam hasaplanylýan, “Äşe patmanyň aşy” diýip atlandyrylýan semenini taýýarlaýarlar. Ýigitler çyna berimsiz oýun bilen türkmen göreşinde “Oýunda ataňy hem sylama” diýýän atalar sözine eýerip dost-dosty, dogan –doganyň güýjini synap ýeňji bolan toý baýragynyň eýesi bolýar. Ýaşlar bilen bir hatarda ýaşuly nesil hem ak öýlerde, serhowuz ýakalaryndaky düşelgelerde ýüzik bukdy, küşt ýaly gadymy oýunlar bilen göwinlerni çawlaýarlar. Türkmen agasynyň öýünde toýyň yzy kesilmesin. Adam baryna şatlyk paýlap kalplary mähirden söýgüden doldyryp, agzybirlige , dostlygy, bereketli günlere çagyrýan bu baýram ýene biziň bosagamyzda. Hä diýmän ýurdymyzyň babadaýhanlary gögeriş alarlar. Bol hasyl, agzybir halk, bagtyýar durmyşyň özenidir. Goý ýyllar ýyldan bereketli gelsin. Saçagyňyz myhmanly bolsun! Çarýanňyz dostana bolsun! Toýlar toýa sebäp bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!