logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Kambojanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi ✦ ✦ Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy bellenildi ✦ ✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň uzyn gara ýol 30 müň kilometre uzap gidýär we köp ýurtlary birleşdirýär
  17.03.2024
897
Dünýädäki iň uzyn gara ýol 30 müň kilometre uzap gidýär we köp ýurtlary birleşdirýär

2023-nji ýylda alymlar gözleg geçirdiler we Ýerdäki ähli ýollaryň uzynlygynyň 21 million kilometre ýetýändigini anykladylar. Awtoulaglaryň geçip bilýän gara ýollarynyň köpüsi ABŞ-da ýerleşýär - olaryň umumy uzynlygy 3 million kilometr. Iň uzyn gara ýollary bolan ýurtlaryň sanawynda Russiýa 1,5 million kilometr bilen bäşinji orunda durýar. 

 

Köplenç gara ýollar asfalt bilen örtülendir, ýöne käbir ýurtlarda beton asfaltdan ileri tutulýar - bu has gymmat, ýöne ömri has uzak bolýar.

 

Dünýädäki iň uzyn gara ýol Pan Amerikan awtoulag ýolydyr. Günorta we Demirgazyk Amerikany birleşdirýän bu ýol 30 müň kilometre uzap gidýär. Pan-Amerikan gara ýoly Alýaskadaky Pradho aýlagyndan başlaýar. Adamlar sürüp barýarkalar, birnäçe ekologiki sebitlerden geçýärler. 

 

Muňa mysal hökmünde çöller, jeňňeller we dag geçelgeleri mysal bolup biler. Pan-Amerikan awtoulag ýolundan syýahat edip, adamlar Kanada, Çili, Boliwiýa, Kosta Rika we beýleki köp ýurtlary görüp bilerler. Bu ýol Günorta Amerikanyň iň günorta sebitlerinde tamamlanýar.

 

Ilkinji gezek Pan-Amerikan awtoulag ýolunyň gurluşygy baradaky pikir 1923-nji ýylda peýda boldy. Resmi maglumatlara görä taslamanyň awtorlary bu ugur bilen birnäçe ýurdy birleşdirmek islediler. Şeýle hem, amerikan awtoulaglarynyň satuwyny artdyrmak islediler. Pan-Amerikan awtoulag ýolunyň gurluşygy örän uzak wagtlap  dowam etdi. Ýoluň gurluşygy häzir hem dowam edýär.

 

Şabibi AKYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.