Gaýadaky oba
Ýemen döwletinde çölde gadymy oba saklanyp galypdyr. Obanyň ýerleşişi täsindir. Ol jülgedäki 150 metr belentlikdäki gaýalyklaryň üstünde ýerleşýär. Obanyň taryhy 500 ýyldan gowrak wagt mundan ozal başlanýar. Häzirki wagtda baryp-gelmesi çetin bolan obada bary-ýogy ýigrimä golaý adam ýaşaýar diýäýmeseň, boşap galypdyr. Oňa häzirki zaman ulaglary bilen gitjek gümanyň ýok. Köp gatly jaýlar saman goşulan kerpiçden bina edilipdir. Öz döwrüniň binagärlik usulynda gurlan binalaryň daş ýüzleri haşamlanypdyr. Jülgeden ýylyň ýagyşly döwründe bol suwly derýa akyp geçýär. Gaýanyň üstünden syn edeniňde, jülgäniň owadan keşbi ýaýylyp gidýär. Bu ýerde syýahatçylar üçin toýundan edilen, ähli amatlyklary bolan myhmanhana hem gurlupdyr.
Uly kebelek
Dünýäde ululy-kiçili kebelekleriň ençeme görnüşi bar. Olaryň içinde iň ulusy agrippin kebelegidir. Ol köplenç Günorta we Merkezi Amerikanyň çygly tokaýlyklarynda duş gelýär. Braziliýada tutulan şeýle kebelekleriň biriniň ganatlaryny ýaýanda, uzynlygy 300 millimetre golaýlaýar, Kosta-Rikada hasaba alnanyň bolsa ganatlaryny doly açanda, uzynlygy 268 millimetre ýetýär. Kebelek gurçugynyň uzynlygy 15-16 santimetr töweregidir. «Gijeki kebelek» diýlip atlandyrylýan jandar ýapraklar bilen iýmitlenýär. Şeýle kebelekleriň ganatlaryndaky owadan şekiller has-da açyk görünýär. Agrippin kebelegine duş gelýän ýerleriniň käbirinde ýitip-ýok bolmak howpy abanýar.
«Towşan gulakly» ösümlik
Monilariýa atly ösümlik köplenç Günorta Afrikada ösýär. Her möwsümde bu ösümlik birisi uzyn, beýlekisi ondan gysgarak iki sany ýaprak emele getirýär. 10 santimetre golaýlaýan açyk ýaşyl goşa ýaprak daşdan seredeniňde, towşanjygyň gulaklaryna çalym edýär. Ösümligiň sütüninde kiçijik köpürjik şekilli şarlar bolup, olar şireden doludyr. Şonuň üçinem bu ösümlige başgaça «Dür monjugy» hem diýilýär. Maý aýyndan awgusta çenli gülleýän ösümligiň ak, gülgün we gyzyl gülleri hem owadandyr. Onuň bary-ýogy 5-6 görnüşi bardyr. Wagtyň geçmegi bilen guran ýapraklar çyglylygy saklamak üçin gabyk bolup hyzmat edýärler. Bu ösümligi öý şertlerinde hem ýetişdirmek bolýar. Ol Gün şöhlesini halaýar.
Kagyzdan täsin şekiller
Kolumbiýaly suratkeş Diana Beltran Ererra kagyzdan eser döretmekde ussatdyr. Adaty kagyz onuň ellerinde täsin şekillere öwrülýär. Ol ilki agaçdan eserleri döredip başlasa-da, soňlugy bilen kagyzdan şekilleri ýasamaklyga girişýär. Suratkeş kagyzdan guşlary, balyklary hem-de dürli miweleri ýasamagy halaýar. Diňe bular hem däl. Onuň eserleriniň içinde kebeleklerem, güllerem bar. Diana köp wagtyny tebigatda geçirýär, onuň täsin dünýäsini öwrenip, döretjek eserleri barada köp maglumat toplamak üçin hünärmenler bilen gürrüňdeş bolýar hem-de olary döredijiliginde peýdalanýar. Suratkeşiň 100-den gowrak eserleriniň sungat muşdaklarynda uly gyzyklanma döredendigini bellemek gerek.
Merdan ALLAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.