Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ylmy-amaly maslahatda ekologiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanyň futbol boýunça (U17) ýygyndy topary Daşkentde geçirilen CAFA 2025-de bürünç medala mynasyp boldular ✦ ✦ “Oguz türkmenleriniň geçmişi, şu güni we geljegi” atly halkara ylmy simpozium geçirildi ✦ ✦ Täze çagalar we ýetginjekler merkeziniň düýbi tutuldy ✦ ✦ Paýtagtymyzda Ýewropa güni mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak marafonyny» geçirildi ✦ ✦ 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni ✦ ✦ Ylym-bilim ulgamyndaky halkara tejribeler ✦ ✦ Suratkeşiň döredijilik ylhamy ✦ ✦ Sarahs etraby 48 müň 100 tonna bugdaý hasylyny almagy maksat edinýär ✦ ✦ Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň möhüm ugry ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dumly-duşdan dürli dümen
  24.04.2023
719
Dumly-duşdan dürli dümen

Meşhur kompaniýa kämil gurluşly roboty döreder 

Dünýäbelli «OPEN AI» kompaniýasy, GPT-4 dil modelinden başga-da, robotlary öndürmegiň hem üstünde işleýär. Kompaniýada eýýäm bu babatda ösüşler bar, onuň aýdyň netijesi hem «EBA» gumanoid (adam şekilli) robotydyr. Enjam gündelik işleri edip biler: degişli zatlary gutuda goýýar, gapylary tanap, ony açyp we ýapyp otaga girip bilýär. Robotda emeli intellekt tarapyndan dolandyrylýan özboluşly hereketlendiriji ulgam bar. Ýöne robot ýöränok, ol ony herekete getirýän tigirlere daýanýar. Şonuň üçin «Open AI» kompaniýasy NEO humanoid robotyny ösdürýän Norwegiýanyň belli kärhanasy «1X Technologies»-iň ösüşine ep-esli möçberde maýa goýdy. Gözlegleriň dowamynda diňe «AI» däl, «NEO GPT-4» esasynda işleýär, ähli interaktiw mümkinçilikler, özara täsir çeýeligi bu modeliň özbaşdak öwreniş tizligidir. Öňküsinden tapawutlylykda, täze robotyň bedeni üýtgedilip, ol tigirler bilen çalşyrylar we adam bedeniniň plastikligine çenli ýakynlaşar. Şeýlelikde, «Open AI» kompaniýasy öz önümi bilen «Atlas», «Boston Dynamics» ýa-da Ilon Maskyň «Tesla Bot» robotlary bilen deň derejede bäsleşmek isleýär. 

Otagy sowadyjy boýag taýýarlandy 

Merkezi Florida uniwersitetiniň gözlegçileri boýagyň täze, adatdakylardan üýtgeşik görnüşini döretdiler. Adaty boýaglardan tapawutlylykda, täze gurluşly boýag gara awtoulaglar we beton ýaly gara reňkler tarapyndan sorulýan infragyzyl ýagtylygy siňdirmeýär. Gözlegçiler topary bu boýaglaryň öz temperaturasyny adaty boýaglardan 20-30 dereje sowuk saklaýandygyny anykladylar. Boýagyň ýylylygy şöhlelendirmek ukyby reňkinden garaşsyz, ýagny ol has reňkli, sowuk arhitektura we dizaýn mümkinçiligini açýar. Gurluş boýagynyň agramy adaty boýagdan has az bolýar, ol wagtyň geçmegi bilen hem solmaýar, otagyň içini yssy möwsümlerde salkyn ýagdaýda saklaýar. Gözlegçiler ýakyn wagtda degişli dükanlarynda şeýle gurluşly boýag gaplarynyň elýeterli boljakdygyny umyt edýärler. 

Amerikaly režissýor tomaşaçylaryň duýgularyna baglylykda üýtgäp bilýän filmi döretdi 

Amerikaly režissýor Riçard Ramçurn filmiň sýužetiniň tomaşaçylaryň duýgularyna baglylykda üýtgäp bilýän filmiň konsepsiýasyny işläp düzdi. Ramçurn «Öz başdan geçirmäňizi saýlaň» atly ýörelgesi esasynda döredilen bu filmiň täsirli boljakdygyny öňe sürýär. Emma şu wagta çenli her bir tomaşaçy üçin özboluşly tomaşa tejribesini üpjün edýän çeper film ýok. Kitapdaky ýaly: okyjy awtoryň pikirlerine eýerse-de, ähli hereketleri we jikme-jiklikleri özboluşly görnüşde döredýär. Bu maksat bilen Ramçurn we onuň topary özboluşly interaktiw film döretdiler. Bu işe «BLUESKEYE AI» emeli intellektual hünärmenleri hem gatnaşdy. Netijede, olar şeýle film döretmek üçin, tomaşaçylaryň dürli ýüz keşplerini belli bir hekaýa ýollaryny saýlamak üçin hereketlendiriji hökmünde ulandylar. Inerženerler filmi görüp tomaşaçylaryň ýüzüni gözden geçirýän interfeýs döretdiler. Adamlaryň duýgularyny we dürli wideo mazmunyna bolan reaksiýalarynyň müňlerçe wideosyndan taýýarlanan emeli intellekt modeli, hakyky wagtda redaktirlemegiň nähili boljakdygyny kesgitlemäge kömek edýär. Filmiň tapawudy-da, onuň sýužeti tomaşaçylaryň emosional reaksiýasyna görä uýgunlaşdyrmagydyr. Kompýuter kamerasyny we programma üpjünçiligini ulanmak arkaly bu film tomaşaçylara howanyň betbagtçylyklarynyň wideolaryny görüp tomaşa edýär we tomaşaçylardan bir tarapyny ýa-da beýleki tarapyny saýlamagy haýyş edilýär. Şeýlelikde bu täze döredilen özboluşly film geljekde has-da söýlüp tomaşa edilýän filmleriň biri bolar we onuň önümçiligi hem ýokarlanar diýlip umyt edilýär.  

 

Timur HALMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 
Tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy 
hünäriniň 1-nji ýyl talyby.