Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ 3d printerler barada ✦ ✦ Türkmen bedewiniň tarypy ✦ ✦ Bilim ulgamy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Ýaşyl» ykdysadyýet — sazlaşykly ösüş ✦ ✦ “Işe girmegiň ýollary” atly 3 aýlyk tölegsiz okuw – iş tapmaga täze mümkinçilik ✦ ✦ «Magtymguly diýip adym tutsalar...» atly halkara onlaýn wiktorina yglan edildi! ✦ ✦ Hakyda siňen halypa ✦ ✦ Ýaşlar — Watanymyzyň beýik geljegini gurujylar ✦ ✦ Bedewler - türkmen halkynyň mertebesi ✦ ✦ Geçirilen okuw-usuly maslahatda tebigy we taryhy medeni ýadygärlikleri VR – AR görnüşine geçirmek işi tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Döwürlere hem nesillere ýörelge gymmatly çeşme
  12.04.2023
497
Döwürlere hem nesillere ýörelge gymmatly çeşme

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda döwrümiz bagtyýarlyga, rowaçlyklara, taryhy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopediki işiniň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygynyň, dünýä ýurtlary bilen ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň beýanydyr. Bu gymmatly, köp jiltli ylmy eser diňe bir lukmançylyk babatda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüligi, ýaş nesiller üçin hem bahasyz baýlykdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly türkmen topragynyň baý ösümlik dünýäsi we onuň peýdaly aýratynlyklary barada giňişleýin beýan edilýän gymmatly eseri halk  hem-de ylmy lukmançylygynyň ensiklopediýasy hökmünde diýseň ähmiýetlidir. Şeýle hem bu iş dünýä halklaryna türkmen halkynyň köpasyrlyk tejribesi we däp-dessurlary bilen tanyşmak üçin hem ajaýyp sowgatdyr. Mälim bolşy ýaly, halkymyz irki döwürlerden bäri diýarymyzyň çäginde duşýan ösümlikleriň bejerijilik häsiýetini anyklap, dürli kesellerden saplanmak üçin olary giňden ulanypdyrlar we baý tejribe toplapdyrlar. Häzirki döwürde bolsa şol toplanan tejribeler ýurdumyzyň we dünýä lukmançylyk ylmynyň we tutuş adamzat medeniýetiniň ylmy hazynasyna goşulan mynasyp goşantdyr. Çünki bereketli türkmen topragynyň her daban ýeri, baý ösümlik dünýäsi özüniň dermanlyk häsiýetleri bilen bellidir. Şol dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan serişdeler bolsa ilatyň saglygyny berkitmäge, durmuş goraglylygyny amal etmäge ýardam berýär. Iňlis dilinde neşir edilen bu gymmatly ensiklopediýa dünýä okyjylary üçin düşnüklidir, onda milli ýörelgeler esasynda dermanlyk serişdeleri taýýarlamagyň ylmy hem halky usullary baradaky maglumatlary öz beýanyny tapýar.

Alym Arkadagymyzyň bu gymmatly ylmy işi ilatyň saglygyny goramak babatynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijeleri bilen halkara jemgyýetçiligi tanyşdyrmaga, netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ylym-bilim babatda has-da çuňlaşdyrmaga ýol açýar. Gahryman hem Mähriban Arkadagymyzyň şeýle gymmatly eserleri, ylmy işleri biz ýaş nesiller üçin bahasyz baýlyk, nusgalyk ýörelgedir! 

 

Nurgözel ANNAMURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.