logo

Soňky täzelikler:
✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦ ✦ Google täze Gemini 4 Argon emeli aň modelini tanyşdyrdy ✦ ✦ Google hereket edýän düwmeli täze klawiaturany tanyşdyrdy ✦ ✦ Özbegistan tebigy gaz importyny 15,2 göterim artdyrdy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Döwrebep ýyladyshanalar
  12.11.2019
1015
Döwrebep ýyladyshanalar

   Hormatly Prezidentimiziň durnukly ösüş syýasatynda sebitleriň ykdysady taýdan ýokary depgini ösüşini gazanmak, innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan arassa taýýar önümleri öndürmek, hem-de olary dünýä bazaryna çykarmak babatdaky tagallalara möhüm ähmiýet berilýär. Şeýli bolansoň, Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda, içerki bazarlar we eksport üçin ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa önümleriň önümçiligini giňeltmek we ilatyň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Muňa mysal edip:  

       Kaka etrabynyň çäginde iki sany uly göwrümli ýyladyşhana işleýär.  Ol ýyladyşhana özüniň öndürýän önümlerini içki we daşky bazarlara hödürleýär. Azyk önümleri bilen üpjünjiligi artdyrylýar. Biziň Kaka etrabymyzyň Duşak şäherçesinde 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhanа açylyp ulanylmaga berildi. Şol ýyladyşhana A blok we B blokdan ybarat bolup, her blokda 80-sany aýal-gyzlar zähmet çekýärler. 2019-njy ýylda jemi 530 müňden gowrak tohum ekilip şitil ýetişdirildi. Her ýylda 200-250 tonna pomidor öndürilip, daşary ýurтlara eksport edildi. Ýene-de etrabymyzyň Gozgan obasynda “Röwşen-Rahym” hojalyk jemgyýeti tarapyndan açylyp ulanylmaga berilen ýyladyşhanasy 5 gektar ýeri tutup ol ýerde 30 işgär işläp zähmet çekýär. Ýokary hilli pomidorlaryň 200 tonnasy halka we daşary ýurtlara eksport edilýär.