logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Agriculture /Döwrebap ýyladyşhanalar – oba hojalygynyň döwrebap keşbi
  21.12.2022
983
Döwrebap ýyladyşhanalar – oba hojalygynyň döwrebap keşbi

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, aýratyn-da oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösdürilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleriň öz ýurdumyzda ýola goýulmagy, hususyýetçiligiň ösdürilmegi babatdaky möhüm işlere uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, hususy pudagyň milli ykdysadyýetiň düzümindäki paýy barha artýar. Türk­men te­le­ke­çi­le­ri oba ho­ja­lyk ul­ga­myn­da hem ne­ti­je­li iş­le­riň ençemesini alyp bar­ýar­lar. Pudagyň önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, oba­se­na­gat top­lu­my­ny ösü­şiň tä­ze­çil ýo­ly bilen öňe alyp git­mek­de, ön­dü­ril­ýän önüm­le­riň gör­nüş­le­ri­ni we olaryň hilini art­dyr­mak­da hu­su­sy­ýet­çi­lik işiniň ösdürilmegine mö­hüm orun de­giş­li­dir. Mi­we we gök önüm­le­riň önüm­çi­li­gi bo­ýun­ça tä­ze kär­ha­na­lar, döwrebap ýy­la­dyş­ha­na­lar yzy­gi­der­li gurul­ýar. Bu bolsa döwletimizde ba­zar bol­çu­ly­gyny dö­re­di­p, içer­ki bazarlarymyzy ter mi­we we gök önüm­ler bi­len üp­jün etmäge goldaw berýär. Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän burç, pomidor, ýer tudana ýaly miwedir gök önümler saçaklarymyzyň bereketidir.  Ussat te­le­ke­çi­le­r da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ry­na hem po­mi­dor­dyr hy­ýar we beý­le­ki bak­ja önüm­le­ri­niň eks­por­tu­ny ama­la aşyr­ýar­lar. Ýur­du­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan ýylad­yş­ha­na toplumlarynyň dö­re­dil­me­gi, olara döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw ber­mek we yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek çä­re­le­ri, şol san­da ha­ryt ön­dü­ri­ji­le­re ýer­le­riň uzak möh­let­le­ýin ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi aýratyn bellärliklidir. Döwrebap ýy­la­dyş­ha­na ul­ga­my­ny giň­den ýo­la go­ýan türk­men te­le­ke­çi­le­ri bu ugur­da ýokary hünär ussatlygyny görkezýärler. Türk­men önüm­le­ri­niň da­şa­ry ýurt ba­za­ry­na giň­den or­naş­ma­gy ug­run­da ta­gal­la ed­ýän türk­men te­le­ke­çi­le­ri döw­let ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­da­wdan ruhlanyp, yh­las­ly hem ýadawsyz zäh­met çek­ýär­ler. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň önümçilige giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe ussat te­le­ke­çi­le­r san­ly ul­ga­my döwrebap ýyladyşhana ulgamlarynda hem doly ornaşdyrmaklyk işi­ne iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Ýur­du­my­zyň oba ho­ja­lyk pu­dagynyň sanly­laş­dy­ryl­ma­gy köp san­ly yk­dy­sa­dy bäh­bit­le­ri hem-de önümleriň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşli menziller bilen öňe ilerlemegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy babatda ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! 

 

Mawlýuda MAMEDOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.