Ýagny, Döwletmämmet Azady 19-njy asyrda ýaşan türkmen şahyrlarynyň arasynda iň görnüklileriniň biridir. Ol öz eserleri bilen edebi mirasymyza saldamly goşant goşan görnükli alym, ussat şahyr hökmünde tanalýar. Şahyryň türkmen klassyky edebiýatynyň, filisofik we jemgyýetçilik-syýasy pikiriniň ösüş taryhynda bitiren hyzmatlary diňe şular bilen çäklenmeýär. Ol birnäçe türkmen şahrylarynyda terbiýeläp ýetişdiren. Döwletmämmet Azady ogly Magtymgulyny, ýegeni Gurbandurdy Zeliliniň ussat şahyr bolup ýetişmeklerinde onuň ýakyndan alada edebdigi aýdyň duýulýar.
Döwletmämmet Azady 1700-nji ýylda Etrek derýasynyň boýunda, Magtymguly Ýonaçynyň maşgalasynda dogulýar. Şahyryň kakasy ýaşlykdan ýetim galýar, köp horluklary başdan geçirýär. Magtymguly Ýonaçy zähmetsöýer adam bolupdyr. Ol daýhançylyk, at eýerlerini we esbaplaryny ýasamak hem-de zergärçilik biolen meşgullanypdyr. Ol öz el hünäri bilen halk arasynda uly hormata eýe bolupdyr. Magtymguly Ýonaçy ýetim-ýesirlikde, hor-homsy günde ýaşaýan döwründe onuň Döwletmämmet (Garrymolla) atly ogly bolýar. Ýonaçy 66 ýaşynda bu deünýä bilen hoşlaşmaly bolýar.
Magtymguly Ýonaçy ýaşlykdan hor-homsy ýaşanlygy sebäpli, ylym-bilim alyp bilemýär. Ol sowatsyzlykdan kösenýändigi üçin ogly Döwletmämmedi ýaşlykdan okuwa berýär, oňa öz döwrüniň ýokary ylmyny almaga mümkinçilik döredýär. Ol ilki bilen başlangyç bilimini öz obalarynda Nyýaz Salyh diýen adamyň elinde alýar. Ol mekdebi tamamlandan soň, daýylarynyň kömegi bilen Hywa medreselerine birine okuwa gidýär. Azady şol ýerde düýpli ylym-bilim alýar, öz döwrüniň görnükli alymy bolup ýetişýär. Akademik A.N.Samaýlowiç ylym-bilim babatda “Türkmenleriň dürli tirelerinden maňa belli bolan şahyrlarynyň arasynda Magtymgulynyň kakasynyň mertebesine goýar ýaly adam hem ýok” diýip belleýär.
Azady mekdep medresede alan ylmy bilen çäklenmeýär. Ol onuň daşyndan hem köp ylymlary öwrenipdir. Şahyr arap, pars we köne çagataý dillerini gowy özleşdirip, şol dillerde ýazylan Gündogaryň taryhyny, filosofiýasyny, edebiýatyny gowy bilipdir. Ol şygyr düzüliş kadalaryndan, logokadan, ritorikadan, medisinadan we beýleki ylymlardan hem baş çykaryp bilipdir. Onuň medisina degişli ýazgylary hem şahyryň şahsy kitaphanasyndan biziň günlerimize çenli saklanyp galan golýazmanyň ýazgylary onuň köp ylymlar bilen içgin gyzyklanandygyny, gözýetiminiň, dünýägaraýşynyň diýseň giň bolandygyny görkezýär. Azadynyň awtografy bolan bu golýazma onuň geçen durmuş hem-de döredijilik ýoluny öwrenmekde iň ygtybarly we gymmatly rezminalaryň biri hasaplanylýar.
Döwletmämmet Azadynyň esasy käri oglan okatmak bolup, ol maldarçylyk, ekerançylyk bilen-de meşgullanypdyr. Şahyr adamkärçiligi, parasatlygy, zähmetsöýerligi bilen halk arasynda giňden tanalypdyr. Ol hemişe halkyň arasynda ýaşap, olar bilen bir howada dem alypdyr, hemişe olaryň hyzmatynda bolupdyr. Şonuň üçin halk şahyry çyn ýürekden söýüpdirler we ony ýakyndan goldapdyrlar.
Döwletmämmet Azady altmyş ýaşap, 1760-njy ýylyň 22-nji martynda aradan çykýar. Şahryň ölümi barada onuň ogly Magtymguly “Atamyň” atly mersiesini (elegiýasyny) ýazypdyr. Onda şeýle sözler beýan edilýär:
Altmyş ýaşda, nowruz güni lu ýyly,
Turdy ajal, ýolun tutdy atamyň.
Bu dünýäniň işi beýlemiş, beli?
Ömrüniň tanapyn kesdi atamyň.