logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Agriculture /Dökün dökmegiň usullary we agrotehniki talaplar
  25.10.2023
1006
Dökün dökmegiň usullary we agrotehniki talaplar

Ýokary derejeli tehnologiýany durmuşa geçirmegiň çäreleriniň toplumynda topragyň hasyllylygyny dökün we himiki yzgar berijileri ulanmak bilen köpeltmek esasy orunda durýar. Dökünler fosfor P, kaliý K, azot N we başga-da topragyň fiziki, himiki we biologiki häsiýetlerin gowulandyrýan esasy iýmitlendiriji maddalary öz düzüminde saklap, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmaga ýardam berýär. Olar mineral we organiki dökünlere bölünýärler. Senagat mineral dökünleri ölçegleri 1...5 mm bolan digir-digir, kristal, külke we suwuklyk görnüşinde goýberýär. Mineral dökünler düzümindäki iýmitlendiriji maddallary boýunça bir madda saklaýan ýönekeý, 2-3 dürli maddaly çylşyrymly görnüşlere bölünýärler. Düzüminde birnäçe madda saklaýan suwuk mineral dökünlere toplumly mineral dökünler diýilýär. Organiki dökün oba hojalyk mallarynyň we guşlaryň çykaryntgylaryndan ýa-da ösümlik çüýrüntgilerinden durýar. Oňa ders (doly çüýrän, ýarym çüýrän we çüýremedik suwuk ýa-da ýarymsuwuk),ders jorky, torf, topraga garyşan ösümlik galyndylary degişlidir. Ders maldarçylyk fermalaryndan ýokançsyzlandyrylyp, topraga mehanizirlenen usulda sepiler ýaly ýagdaýda ýygnalýar.

 

 

Oba hojalyk ekinlerine dökün bermegiň üç usuly ulanylýar, olara topragyň ähli üstüni dökünlemek, ekiş bilen birlikde dökün dökmek we iýmitlendirmek usullary degişlidir. Topragyň ähli üstüni dökünlemek usulynda dökün güýz şüdügäriniň ýa-da ýaz sürüminiň öňünden, şeýle hem ekişiň öň ýanyndaky bejergi döwründe dökülýär. Munuň üçin mineral we organiki dökünler ýa-da organo – mineral garyndylar toprak bejergisi geçirilmezden ozal meýdana endigan dökülip çykylýar.Mineral dökünleri pytradyp dökmek üçin merkezden daşlaşýan usul bilen işleýän kuzowly we asma dökün sepeleýjiler, tozanpisint dökünleri dökýän sepeleýjiler, dökün ekijiler we suwuk azot dökünleri sepmek üçin maşynlar peýdalanylýar.

 


Iýmitlendirmek – ösümligiň ösüp boý alýan her bir döwründe haýsy iýmit elementlerine mätäçlik çekýän bolsa, şeýle dökün dökülmegini göz öňüne tutýar. Güýzlük däneli ekinler we köpýyllyk otlar ýeriň ýüzüne dökün sepijiler bilen iýmitlendirilýär. Munuň üçin örän uly ekin meýdanlarynda, giň ýerlerde oba hojalyk uçarlary hem ulanylýar. Hatar aralary bejerilip ekilýän ekinleri iýmitlendirmek üçin ösümlik iýmitlendiriji timarlaýjylar ulanylýar. Dökünleriň görnüşi her gektara dökülmeli möçberi we möhleti,onuň topraga garylmaly çuňlugy, ol ýa beýleki oba hojalyk ekinini ösdürip ýetişdirmegiň tehnologik kartasy boýunça ýa-da agronomyň görkezmelerine görä bellenilýär.Dökün meýdana, keşlere we gämiklere gyradeň düşer ýaly edilip dökülmeli. Dökün sepiji maşynlar ulanylanda onuň gyradeň düşmegindäki we her gektara sepmegiň möçberindäki tapawut 25%-den geçmeli däldir. Külke mineral ýa-da digir-digir dökün sepelenen külke mineral ýa-da digir-digir dökün sepelenende bu tapawut 8 %-den geçmeli däldir. Munuň üçin mineral dökünleri ekijä guýmazdan ozal her gözeneginiň ululygy 7 mm-den artyk bolmadyk elekden geçirmeli bolup durýar. Dökünleme işlerini geçirmek iň bir esasy çäreleriň biri hasaplanylýar.

 


Alijan HOJANIÝAZOW,

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

 

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň


3-nji ýyl talyby.