logo

Latest news:
✦ Döwrebap usullar arkaly iňlis dilini öwretmek ✦ ✦ Ösüşleriň we belent maksatlaryň ýyly ✦ ✦ Iňlis dilini öwrenmegiň netijeli usullary ✦ ✦ Halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi ✦ ✦ Iňlis dili — bilim ösüşiniň açary ✦ ✦ Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň köprüsi ✦ ✦ Halkara olimpiada — ýaş diplomatlaryň ukyp synagy ✦ ✦ Ýaşlaryň intellektual bäsleşigi ✦ ✦ Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi ✦ ✦ Küşt — paýhasy ösdürýän sport ✦
Home / Health /Dogry iýmitlenmek saglygyň gözbaşy
  23.04.2022
949
Dogry iýmitlenmek saglygyň gözbaşy

Adamzadyň saglygyňy gorap saklamakda iň möhüm şertleriň biri hem dogry iýmitlenmekdir. Dogry iýmitlenmek immuniteti pugtalandyrýar. Dogry iýmitlenmek dürli keselleriň öňüni almaga sagdyn we uzak ýaşamaga ýardam edýär.

Dogry iýmitlenmek bedeni beloklar, ýaglar, uglewodlar, mineral duzlar, witaminler ýaly ýokumly maddalar bilen baýlaşdyrýar. Bu ýokumly maddalar etiň düzüminde, balyk etinde, süýt we süýt önümlerinde, miwelerde, gök we bakja önümlerinde köpdür.

Süýdüň düzüminde ýaşaýşa zerur bolan maddalaryň belli bir mukdaryny saklaýar. Süýtdäki D, A witamini we B witaminler topary gözüň görşüni gowulandyrmakda, saçlary, dyrnaklary, dişleri berkitmekde, bedeni daşky gurşawyň adam saglygyna zyýanly täsirinden goramakda has-da peýdalydyr.

Süýt durmuşymyzda, esasan-da, çagalar üçin örän zerurdyr. Süýdüň düzümi kalsiý ýokumyna örän baý bolup, ol çaganyň süňkleriniň berkemeginde hiç zat bilen çalşyp bolmajak önümdir. Bir bulgur süýtde beden üçin zerur bolan kalsiýniň dörtden bir bölegi saklanýar. Çaga günüň dowamynda 2 bulgur süýt içende, ol bedenine zerur kalsiniň 75 göterimini kabul edýär. Şeýle-de süýt bedeni 60 göterim fosfor we B2, B12, A, D, С ýokumlar bilen üpjün edýär.

Özüne mahsus bolan ysy we tagamy bilen tapawutlanýan hem-de derman hökmünde peýdalanylýan düýe çaly, süýdi we agarany ilatyň arasynda giňden ulanylýan arassa önümdir. Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý, fosfor, witaminler, ylaýta-da, С we A witaminler, kömür, ýod, süýt turşulary saklanýar.

Süýt bilen birlikde süýt önümleri hem peýdalydyr.

Gatyk iýmit siňdiriş ýollarynyň işini kadalaşdyrýar, aşgazan şiresiniň bölünip çykmagyna itergi berýär, işdäňi açýar, ganazlykda peýdaly hasaplanýar. Onuň düzümindäki süýt turşusy mikroblara garşy täsire eýe bolup durýar. Gatyk içegäniň mikroflorasyny gowulandyrýan peýdaly bakteriýalara baýdyr.

Dorag süňkleriň we dişleriň emele gelmegine, pugtalanmagyna ýardam edýän, osteoporozdan goraýan, agyr metallaryň duzlaryny, toksiki maddalary bedenden daşary çykarýan, ganyň lagtalanmagyny işjeňleşdirýän, myşsalaryň ýygrylmagyny, pulsy, arterial gan basyşyny, iýmit siňdirişi kadalaşdyrýan, sowuklama, allergiýa garşy täsire eýe bolan kalsiý, kaliý, fosfor, magniý, sink, marganes, kremniý elementlerine, karotine, B witaminler toplumyna baýdyr.

Orazmät REJEPOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.