logo

Latest news:
✦ Gahryman Arkadagymyz ýaşlar üçin umumy okuw sapagyny geçdi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦
Home / Politics /Diplomatic World” halkara žurnalynyň ýörite sany diňe Türkmenistana bagyşlanar
  06.04.2024
783
Diplomatic World” halkara žurnalynyň ýörite sany diňe Türkmenistana bagyşlanar

Belgiýanyň “Diplomatic World” halkara žurnaly saýlama biznes-katalogyny çykaryp başlaýandygyny we onuň ýörite sanynyň diňe Türkmenistanyň hususy pudagyna bagyşlanjakdygyny habar berdi.

 

Biznes-katalogyň esasy maksady Ýewropa bazaryna Türkmenistanyň barha ösýän we bäsdeşlige ukyply hususy pudagynyň we kompaniýalarynyň önümlerini hem-de hyzmatlaryny tanyşdyrmakdan we ýewropaly maýadarlaryň ünsüni çekmekden ybarat bolup durýar.

 

“Diplomatic World” halkara žurnaly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklaryny öz içine alýan 20-25 sany kompaniýany biznes-katalogda görkezmek bilen, olaryň Ýewropadaky işlerini ösdürmek we giňeltmek üçin täze gözýetimleri açmaga çalyşýar.

 

Biznes-katalogyň müňlerçe nusgasy çap edilip, olar Ýewropanyň işewür toparlarynyň esasy wekilleriniň arasynda paýlanar. Şeýle hem bu biznes-katalog Ýewropanyň işewürleri bilen aragatnaşygy we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin aýrylmaz gurala öwrülip, ol Türkmenistanyň tutuş yklymdaky diplomatik wekilhanalarynda elýeterli bolar.

 

“Diplomatic World” halkara žurnaly Türkmenistanyň hususy pudagynyň kompaniýalaryny we wekillerini bu taslamanyň çäginde hyzmatdaşlyga çagyrýar. Hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar has giňişleýin maglumat almak üçin diplowereld@mail.be elektron salgy bilen habarlaşyp bilerler.

 

“Diplomatic World” dünýä syýasatyny, işewürligi, maliýäni, ykdysadyýeti we medeniýeti birleşdirýän diplomatik neşirdir. Žurnal ilçileriň, döwlet Baştutanlarynyň, ÝB-niň wekilleriniň, halkara kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň we öňdebaryjy seljeriş merkezleriniň arasynda giňden ýaýrandyr.

 

Nyýazmyrat SOLTANMYRADOW,

 

Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri

institutynyň talyby.