logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Health /Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň eçilen baýlygy
  18.02.2023
3062
Dermanlyk ösümlikler – tebigatyň eçilen baýlygy

Täze galkynyşyň bady bilen ösýän döw­rümizde Ga­raş­syz Wa­ta­ny­myz­da sag­lyk jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy bol­mak bi­len, döw­le­tiň ösü­şi­niň esa­sy kes­git­leý­ji­si hök­mün­de hä­si­ýet­len­di­ril­ýär. Şol nukdaýnazardan hem, Arkadagly Serdarymyz bu ul­ga­my bar­ha kä­mil­leş­dir­mek, onuň mad­dy-teh­ni­ki bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, hyz­mat­la­ryň hi­li­ni go­wu­lan­dyr­mak ba­bat­da uly iş­le­ri ýola goý­ýar.

Türk­meniň sahawatly top­ra­gy durşy bilen kerem-keramatdyr. Gü­neş­li ül­kä­miz dür­li der­man­lyk ösüm­lik­le­rine baý mekan. Dermanlyk ösümlikleriň köpüsiniň düzümi peýdaly biologiki işjeň maddalara eýedir. Janly tebigatyň bu eçilen baýlyklaryny ulanmagyň tejribesi bolsa müňýyllyklaryň dowamynda toplanypdyr we häzirki güne gelip ýetipdir. Dermanlyk ösümliklerini tanamak, olary ýerlikli ulanmak, aýawly saklamak we ýerlikli peýdalanmak örän möhüm bolup, bu babatda netijeli işler ýola goýulýar. Ýurdumyzyň howa şertlerinde ösýän ösümlikler düzüminde dürli witaminleri, flawonoidleri, fitonsid maddalaryny we köp sanly peýdaly biologiki işjeň maddalary toplaýar. Gözel tebigatymyzda bitýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan derman serişdeleri we dürli melhemler özüniň ýaramlylygy bilen tapawutlanýar.

Hä­zir­ki za­man luk­man­çy­lyk tej­ri­be­sin­de, şol sanda maldarçylykda der­manlyk ösüm­lik­le­ri­ ulan­mak möhüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bereketli top­ra­gymyz­da der­man­lyk ösüm­lik­le­riň 2 müň­den gow­rak gör­nü­şi mil­li te­bip­çi­lik­de we halk luk­man­çy­ly­gyn­da giň­den ula­nyl­ýar. Ola­ryň gü­lü­ni­, ýap­ra­gy­ny­, bal­da­gy­ny­, dä­ne­si­ni­, kö­kü­ni­ we beýleki synalaryny bejeriş maksady bilen peýdalanýarlar. Şeýle dermanlyk ösümlikleriň hatarynda buýan, çopantelpek, türkmen selmelegi, atgulak, tozga, paporotnikler, lawr, gurygülüň güljagazlary, narpyz, rozmarin, bägüliň ýapraklary, hmel, kalendula, şalfeý ýaly görnüşleri belläp geçmek bolar. Dermanlyk ösüm­lik­le­riň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry, gör­nüş­le­ri, olaryň te­bi­gy go­ry, hi­mi­ki dü­zü­mi, luk­man­çy­lykda, maldarçylyk tej­ri­be­sin­de ula­ny­lyşy, ola­ry sak­la­ma­gyň düz­gün­le­ri, der­man taý­ýar­la­ny­ly­şy we ula­ny­ly­şy ba­ra­da peý­da­ly mag­lu­mat­la­r Gahryman Arkadagymyzyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­di­k ki­ta­byn­da giňişleýin beýan edilýär. Mähriban Arkadagymyzyň bu gymmatly kitaby dermanlyk ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklaryny, düzümini, ýaýran ýerlerini, ulanylyşyny, peýdaly taraplaryny içgin öwrenmäge, ýurdumyzyň baý ösümlik dünýäsi bilen tanyşmaga ýardam edýän gymmatly gollanma hökmünde çykyş edýär. 

 

Meýlis DÖWLETOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.