logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Nature /Deňiz ýeke şahy
  13.06.2023
1313
Deňiz ýeke şahy

Narwal täsin deňiz jandary hasaplanyp, oňa başgaça ýeke şahly deňiz jandary hem diýilýär. Narwal süýdemdirijiler maşgalasynyň narwal atly ýeke täk urugynyň wekilidir. Onuň ady Islandiýanyň dilinden gelip çykyp, «nar» - «kül reňk», «hval» - «kit» diýmekligi aňladýar. Bedeniniň uzynlygy 3,8-4,5 m, täze doglan narwal çagasynyň uzynlygy 1-,1,5 m, erkekleri 2-3 t, urkaçylary 900 kg töweregi bolýar. Kellesi togalak, ýöne maňlaýy öňe çykyp bildirip durýar. Agzy, gözi kiçi, ýokarky ýüzgüji ýiten gapdal ýüzgüçleri hem kiçi bolýar. Bedeniniň uzynlygy, döş ýüzgüçleri boýunça ol beluha meňzeýär, ýöne ol beluhdan goňur-çal tegmilli reňki bilen tapawutlanýar. Olarda iki sany depe dişi bolýar. Erkek narwalda agramy 10 kg, uzynlygy 2-3 m deň bolan çepe towlanan spiral şekilli gyýak dişleri bolýar. Urkaçylarynda bular ýaly dişler örän seýrek bolýar. Onuň gyýak dişiniň uzyn diş kanaly bolup, bu diş kanaly süňk bilen beklenen ýagdaýda bolýar. Onuň gyýak dişi özlerine berklik, çeýelik berýär. Mundan başga-da, narwal ol dişleri bilen ugruny 31 sm uzaklykdan islendik ugur boýunça ugrukdyryp bilýär. Köp alymlar onuň gyýak dişi duşmanyna hüjüm etmäge kömek edýär diýip ýalňyş pikir edipdirler. Ýöne, 2005-nji ýylda barlagçylar toparynyň başlygy Martina Nwiýanyň gözegçilikleriniň netijesi boýunça, onuň gyýak dişleriniň duýujy organdygy anyklanylypdyr. Has takygy, elektron mikroskopda geçirilen gözegçilikler, esasynda, diş kanalynda millionlarça kiçijik kanallaryň, nerw öýjükleriň bardygy anyklanylypdyr. Ýagny, ol dişleriniň kömegi bilen narwal suwuň basyşyny, temperaturasyny we del maddalaryň konsentrasiýasynyň üýtgemegini duýup bilýär ekeni.

Narwal Demirgazyk Buzluk ummanynda we Demirgazyk Atlantikada giňden ýaýrandyr. Onuň bedeninde 10 sm galyňlykda ýag gatlagy bolup, bu ýag gatlak olary sowukdan goraýar. Beluhdan tapawutlylykda, narwal ummanyň düýbünde uzak wagtlap saklanyp bilýär. Eger, ýaşaýan zolagynyň suwlary doňan bolsa, olar 5 sm galyňlykdaky buzy arkalary we uzyn gyýak dişleri bilen döwüp bilýär. Olar kelleaýakly mollýuskalar, leňňeçşekilliler we balyklar bilen iýmitlenýär. Narwalyň esasy duşmany ak aýylar hasaplanýar. Olar ýeke ýa-da topar bolup ýaşaýarlar. Topar                   6-10 sany osobdan ybarat bolýar. Olar ýaz gelende jübütleşýärler. Jübütleşenden 14-15 aý geçen soň bir seýrek ýagdaýda iki sany çaga bolýar. Narwal tebigy ýagdaýda 55 ýyla golaý ýaşaýar. Narwaly eti we ýagy üçin awlapdyrlar. Derisinden bolsa kemer we köwüşleri ýasapdyrlar. Häzirki wagtda onuň sany azalandygy sebäpli, olary awlamak gadagan edildi. 

 

Enebaý ANNALYÝEWA, 

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.