Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Daşkent şäherinde “Aşyk bolmuşam” kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Daşkentde “Magtymguly – dünýäniň akyldary we onuň pelsepesiniň häzirki döwürdäki ähmiýeti” atly maslahat geçirildi ✦ ✦ Himiýa boýunça halkara bäsleşikde türkmen talyplarynyň üstünligi ✦ ✦ Arkadag şäherine Ýewraziýa Patent Guramasynyň W.I. Blinnikow adyndaky altyn medaly gowşuryldy ✦ ✦ Daşary ýurt dillerini öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň orny ✦ ✦ Türkmenabatda täze himiýa toplumynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi ✦ ✦ Pagta möwsümi guramaçylykly dowam edýär ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Innowasiýa — durnukly ösüşiň özeni ✦
Baş sahypa / Saglyk /Demriň adam saglygy üçin peýdalary
  22.02.2023
1038
Demriň adam saglygy üçin peýdalary

Güýç ýetmezçiligi, fiziki ýadawlyk, az kuwwat, depressiýa – bularyň hemmesi bedende demir ýetmezçiliginiň aýdyň alamatlarydyr. Bu elementiň bedene edýän täsirini çakdanaşa bahalandyryp bolmaýar, sebäbi demir synalara kislorodyň iberilmegine jogapkärdir, ol dem almagy, metabolizmi kadalaşdyrýar. Demir kaloriýany energiýa öwürmäge kömek edýär. Şol bir wagtyň özünde, ony diňe iýmit bilen kabul etmek mümkin bolýar. 

Demir ýetmezçiliginiň howpy nämede? 

Demir eritrositlerde, ýagny gyzyl gan öýjüklerinde öndürilýän belok gemoglobiniň esasy düzüm bölegidir. Bu mikroelement, sagdyn bolmaga kömek edýär, sowuk möwsümde aýratyn zerur bolan immuniteti ýokarlandyrýar. Demir toksinleri (zäherli maddalary) aradan aýyrýar, süňklere, saça, derä berklik berýär. Ol esasan hem fiziki we akyl zähmeti bilen meşgullanýanlar üçin has köp zerurdyr.

Demir beden tarapyndan öndürilmeýär we ony diňe iýmitden alyp bolýar. Adam bedenindäki demriň tizligi esasan jynsyna we ýaşyna, ýaşaýyş durmuşyna we dowamly keselleriň barlygyna baglydyr. Çagalaryň bedenleri demri ululardan has çalt harçlaýar. Şeýlelik bilen, 4–8 ýaş aralygyndaky çagalar günde 10 mg - 8 mg demri talap edýär. Ulular üçin gündelik kadasy takmynan 18 mg. Başlangyç döwürde demir ýeterlik bolmasa-da, adam hiç zady duýman biler, alamatlar soňlugy bilen ýüze çykýar. 

Demir ýetmezçiligini nädip bilmeli? 

Ilki bilen işjeňligiň peselmegi, energiýanyň bilen baglanyşykly näsazlyklar ýüze çykýar. Demir ýetmezçiligi ganazlyga sebäp bolup biler. Bu mikroelementiň bedende bolmazlygy metabolik prosesleriň bozulmagyna sebäp bolýar. Statistikalara görä, Ýeriň her üçünji ýaşaýjysy demir ýetmezçiliginden ejir çekýär. Ýetmezçilik näçe ýokary bolsa, beden üçin şonça-da agyr netijeler bolýar. 

Demriň esasy çeşmeleri 

Haýwan iýmitlerinden alynýan demriň 35%, ösümlik iýmitlerinden alynýan demriň bolsa 10% siňdirilýär. Şonuň üçin wegetarianlaryň iýmitinde demir köp bolan önümlere üns berilmeli. Bugdaý ununda - 11 mg; garpyz - 6,7 mg; nohut - 4,6 mg; sygyr bagyry - 9 mg; balykgulak - 6,7 mg; towuk ýumurtgasy - 6 mg we ş.m. Iýmitde demriň iň köp konsentrasiýasyny saklamak isleseňiz, ony çoýun demir gaplarda bişirmeklik gowy netije berýär.

Şeýle hem beýleki elementler ýaly, demir hem käbir maddalar bilen bedene has çalt sorulýar, beýlekiler bolsa onuň siňmegine päsgel berýär. Demir C witamini, foliý turşusy bilen gowy siňýär. Iýmitleniş hünärmenleri demir bilen kalsiniň birleşmegini-de netijeli hasaplaýarlar. Bu mikroelementler biri-birini siňdirmegi kadalaşdyrýar.  

 

Didarjan KALANDAROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.