logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Saglyk /Dem alyş ulgamynyň kadalary
  05.04.2025
1610
Dem alyş ulgamynyň kadalary

Dem alyş ulgamy – adam bedeninde kislorody almak we kömürturşy gazyny çykarmak işini ýerine ýetirýän ulgamdyr. Bu ulgam beden öýjükleriniň ýaşaýşy üçin zerur bolan kislorody üpjün edýär we öýjüklerde döreýän zyýanly kömürturşy gazyny bedenden çykaryp, içki durnuklylygy saklamaga ýardam berýär. Dem alyş ulgamy birnäçe agzalaryň we bölekleriň utgaşmasyndan emele gelýär. Bu ulgamyň esasy agzalaryna burun, öýken turbajyklary we öýken girýär. Burun arkaly alnan howa süzülýär we çyglandyrylýar. Soňra howa bogazdan aşak geçip, öýkenlere tarap barýar. 

 

Dem alyş prosesi iki esasy tapgyrdan ybaratdyr: dem almak we dem goýbermek. Dem alanyňda howa daşky gurşawdan öýkenlere girýär, dem goýberilende bolsa, öýkendäki kömürturşy gazy daşky gurşawa çykarylýar. Bu prosesiň üsti bilen gan kislorod bilen baýlaşýar, bu bolsa beden öýjüklerine daşalyp, olaryň ýaşaýşyny üpjün edýär. Dem alyş ulgamynyň işi nerw ulgamy tarapyndan kadalaşdyrylýar. Esasan beýniniň dykma bölegi, ýagny dem alyş merkezi, öýkeniň giňelip-daralmagyna gözegçilik edýär. Munuň netijesinde adam awtomatiki görnüşde, ýagny pikir etmezden dem alýar we goýberýär. Şeýle-de bolsa, adam islese, bu prosesi wagtlaýyn dolandyryp hem biler, mysal üçin çuňňur dem almak ýa-da demini saklamak arkaly.

 

Dem alyş ulgamy adam bedeniniň ýaşaýşy üçin möhüm rol oýnaýar. Kislorodyň kabul edilmegi we kömürturşy gazynyň çykarylmagy bedeniň ähli öýjükleriniň sagdyn işlemegi üçin zerurdyr. Bu ulgamyň işiniň dogry bolmagy üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek we keselleriň öňüni almak wajypdyr.

 

Ogulgeldi ANNAÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Patologik fiziologiýa kafedrasynyň
uly mugallymy.