Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni
  03.06.2023
658
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni

Her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni (World Environment Day) tutuş dünýä ýüzünde bellenilýär. 1972-nji ýylyň 5-nji iýunynda Stokgolm şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji mejlisinde bu möhüm güni bellemeklik hakyndaky kararnama hem-de BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça ýörite Maksatnamasy kabul edildi. Bu günüň bellenilmegi ýaşyl planetamyzyň her bir künjegini goramaga, oňa aýawly çemeleşmäge ähli jemgyýetçiligi çagyrýar. Her ýyl bu gün ýörite şygar astynda geçirilip, ol dürli ýyllarda «Plastiki hapalanmaga garşy göreş», «Biodürlüligi we adam ömrüni uzaltmak», «Suw – durmuşyň esasy çeşmesidir», «Parahatçylyk üçin agaç ekmek», «Ýaşlar we daşky gurşaw», «Howanyň üýtgemegi: Global hyzmatdaşlygyň zerurlygy», «Ýer – bir maşgala», «Ýaşyl şäherler – planeta üçin ösüş we parahatçylyk», «Ýabany dünýäniň ýitmezligi üçin göreş» ýaly şygarlar astynda geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, adamzat döräli bäri, ekosistemany hemmetaraplaýyn peýdalanmak bilen, onuň zyýanly işjeňligi netijesinde bolsa tokaýlaryň köp meýdany ýitirilýär, global parnik gazlarynyň mukdary artmak bilen bolýar. Netijede atmosfera howasynyň gyzmagy ýokarlanýar, biodürlülik hem belli bir derejede azalýar. Ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen adamyň işjeňligi we ulanýan usullarynyň täsirinde gurşaw üýtgeýär. Dünýä ýüzünde ör boýuna galýan dürli ekologiki meseleleriň halkara hyzmatdaşlyk esasynda çözülmeginde dünýä döwletleriň jebisleşmegi hem-de bilelikde göreşmekleri esasy görkeziji hasaplanylýar. Bu babatda biziň ýurdumyzda hem netijeli işler öňe sürülýär. Garagum sährasynyň çäginde «Altyn Asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi hem diňe bir diýarymyzyň flora we fauna dünýäsine däl-de, eýsem tutuş Aziýa sebitiniň ekologiki ýagdaýyna täsir edýär. Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygyň binýady yzygider kämilleşdirilýär. Milli Tokaý maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda netijeli işler uly depginde ýola goýulýar. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar, «ýaşyl» tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna doly laýyk gelmegine uly üns berilýär. Bu bolsa diýarymyzda ekologiýa syýasatynyň mynasyp derejede durmuşa ornaşdyrylýandygyny äşgär edýär. Çünki daşky gurşawy goramak biziň her birimiz üçin borçdur. Bu ugurda ýaş nesillerde ekologiýa bilimini hem medeniýetini kemala getirmek möhümdir. Bu bolsa tutuş ýer ýüzünde abadan, sagdyn, parahat ýaşaýşy üpjün etmegiň netijeli guralyny emele getirýär. 

 

Atajan HYWALYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika 
institutynyň 1-nji ýyl talyby.