Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Täze ýylyň şatlygy ✦ ✦ Bilim bilen beýgelýäris! ✦ ✦ Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat ✦ ✦ Şöhratly geçmişimiziň kämil beýany ✦ ✦ Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany ✦ ✦ Magtymguly Pyragy — köňülleriň şamçyragy ✦ ✦ Akyldaryň dürli dillerdäki neşirleri ✦ ✦ Oba hojalyk önümçiliginde ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Arkadag şäheri ýokary hil baýragyna mynasyp boldy ✦ ✦ Çeperçilik medeniýetiniň mirasy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Däne arassalamagyň usullary
  23.10.2023
300
Däne arassalamagyň usullary

Esasy ekiniň dänesinden başga-da hasylyň däneli böleginde adatça haşal ösumlikleriň tohumy. döwülen başlar, saman, beýleki medeni ösümlikleriň tohumy, döwülen däne hem bolýar. Bu garyndylar tohumlyk hem azyklyk dänäniň hilini ýaramazlaşdyrýar, ony saklamagy kynlaşdyrýar, çünki köplenç halatlarda haşal otlaryň tohumynyň, olaryň baldak bölejikleriniň we başjagazlarynyň çyglygy medeni ösumlikleriň dänesinden 30...35% ýokary bolýar. Sortlanan mahalynda dänäni nämä niýetlenendigine (ekmäge, üwemäge, ýarma üçin gaýtadan işlemäge) baglylykda belli bir hiline bölmek gerek. Agramy köp iri tohumlaryň ekilmegi has ýokary we durnukly hasyl berýär: şonuň ýaly tohumlaryň gögerijiligi ýokary bolýar, şol tohumlaryň gögerip çykan ösumlikler hem amatsyz howa we toprak şertleriniň, keselleriň we mör-möjekleriň garşysyna durnukly bolýar.

 


Däne garyndysy diňe arassalaýjy maşynlar bilen toparlara bölmek üçin işlenilýän garyndynyň düzümine girýän tohumlaryň we garyndylaryň ary-aýry görnüşiniň: möçberindäki tapawudy peydalanylýar. Tohumyň möçberi boýunça bölünişi. Köplenç haladlarda dänäniň gör-nüşi süýnmegräk bolýar. Has uly möçberi uzynlygy, has kiçi möçberi ýogynlygy. Uzynlygy bilen ýogynlygynyň arasynda aralyk möçberi bolsa inidir. Ýogynlygy we ini boýunça däne gözeneklerde, uzynlygy boýunça bolsa, esasan triýerlerde bölünýär. Däne ýogynlygy boýunça deşjekleri süýnmek gözeneklerde bölünýär. Ýöne, welin bu gözenekler dänäni uzynlygy boýunça bölüp bilmez, günki däne dikligine olaryň deşiginden geçip biler. Şu gözenekleri däneli ini boýunça bölmek üçin hem peýda-lanmak bolmaz. Däne toparlananda ýogynlygy boýunça deşikler süýnmek gözenekden geçip bilýär. Deşikleri süýnmek gözenekler dänäni ýogynlygy boýunça hilini şeýle hem ony haşal otlardan arassalamak üçin peýdalanyp bilner. Däne ini boýunça deşikleri tegelek gözeneklerde bölünýär. Tegelek deşikden diňe inli deşigiň diametrinden kiçi bolan däne dikligine geçirip biler.

 


Uzyn däneler (süle, arpa we beýlekiler) tegelek deşikden kynçylyk bilen geçýär. Uzynlygy içinden iki esse köp bolan däneler (dary, greçka, ýorunja we beýlekiler) gowy geçýär. Süýnmek deşikler dänä garanda 2-3 esse uzyn edilýär. Gözenekleriň deşikleri olaryň uzynlygy we däneleriň hereket ugry gabat geler ýaly edip ýerleşdirilýär. Dokalan we örülen gözenekleriň deşikleri inedördül ýa-da grabil şekilli bolýar. Bu gözenekler esasan, iri hem ownuk garyndylary aras-salamak üçin ýönekeýje däne arassalaýjy maşynlarda peýdalanylýar.

 


Jemal TAŞOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň
III ýyl talyby.