Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýaşlar Forumy – geljege barýan ýol! ✦ ✦ 12-nji awgust - Hazar deňziniň güni! ✦ ✦ Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara ornaşdyrmagyň strategiýalary işlenilýär ✦ ✦ Durnukly ösüş maksatlarynyň 16-njy maksadyny durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça ugurdaş çäreler geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Parlament forumy ✦ ✦ Awaza 2025: Hususy pudagyň forumy ✦ ✦ LLDC ýurtlar boýunça BMG-niň 3-nji maslahaty dünýä metbugatynda ✦ ✦ Awazada medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet dabarasy ✦ ✦ Hazarýaka döwletleriň ekologik gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Damjalaýyn suwaryş usuly
  20.10.2023
546
Damjalaýyn suwaryş usuly

     Damjalaýyn usul bilen suwarylanda suw ýeriň üstünde ýa-da astynda ýerleşen polietilen turbalaryň kömegi bilen gös-göni ekinleriň kökleriniň ýerleşen ýerlerine berilýär. Damjalaýyn bilen suwarmak usuly şu döwre çenli topragyň astyndan suwarmak usulynyň bir görnüşi diýlip hasap edilýärdi. Emma, suwaryşyň bu usulynda suwuň topraga berilişi, onuň siňişi, ulanylýan tebigy-hojalyk şertleri topragyň astyndan suwarmak usulyndan düýpgöter üýtgeşikdir. Şonuň üçin bu usuly, suwaryşyň aýratyn bir usuly hökmünde kabul edilse, dogry bolar diýip hasap edýäris.


     Damjalaýyn bilen suwarmak usuly baradaky ilkinji maglumatlar otuzynjy ýyllaryň (XX asyr) başlarynda ýüze çykyp başlady. Bu usul ysraýyl alymy S.Blass tarapyndan döredildi. Damjalaýyn bilen ekinleri suwarmak usulynyň suwaryşyň beýleki görnüşlerinden artykmaçlyklaryna seretmezden rezin turbalaryň bahalarynyň gymmatlygy zerarly bu usul şol döwürler önümçilikde giňden ulanylmady. Diňe 1948-nji ýylda Angliýada damjalaýyn usuly ýyladyşhanada gök ekinleri suwarmak üçin ilkinji gezek ulanyldy. Şol döwürler damjalaýyn usuly bilen oba hojalyk ekinlerini suwarmak baradaky tejribeler beýleki ýurtlarda hem geçirilip başlanyldy. Şu tejribeler ilkinji nobatda suw gorlarynyň ýetmezçilik edýän hem-de duzly suwuň agdyklyk edýän ýurtlarda geçirilip başlanandygyny belläp geçmek gerekdir. Şu sebäplere görä we polietilen turbalaryň öndürilişiniň artdyrylyp başlanmagy bilen damjalaýyn usuly bilen ekinleri suwarmagyň tiz ösüp başlandygyny belläp geçmek gerekdir. Eger 1970-nji ýylda dünýäniň ýüzünde damjalaýyn usuly bilen bary-ýogy 4,2 müň gektar ekin suwarylan bolsa, eýýäm 1980-nji ýylda ol meýdan 350 müň gektara ýetdi.

 

    Häzirki döwürde damjalaýyn usuly bilen takmynan 1,8 mln. gektar ýer suwarylýar. Damjalaýyn bilen suwaryş ulgamy umumy görnüşde şu bölekleri öz içine alýar: suw alyjy desga, suw sorujy desga, süzgüç, suw ölçeýji gural, basyş ölçeýji gural, suw bilen dökün bermek üçin enjam,aragatnaşyk simleri, baş turba, suw paýlaýjy turba, suw damdyryjylar we başgalar. Örän gür turba ulgamlary, suwy arassalamak üçin desgalaryň zerurlygy damjalaýyn usuly bilen suwaryş ulgamlarynyň gurluşygy örän ýokary düýpli maýa goýumlaryny talap edýär. Şonuň üçin damjalaýyn bilen suwaryş usulyny ýokary girdeji berýän üzüm agaçlaryny, miweli baglary we sitrus ekinlerini suwarmak üçin ulanmak ykdysady taýdan has bähbitlidir.

 

 

Şatlyk HALMEDOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň

2-nji ýyl talyby.