logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Saglyk /“Çopantelpegiň peýdasy”
  16.06.2022
9898
“Çopantelpegiň peýdasy”

     Gadymy döwürlerden bäri halk lukmançylygynda şypaly ösümlik hökmünde giňden ulanylýan, dünýä ýurtlarynyň köpüsinde duş gelýän çopantelpek saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle hem ol dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriniň arasynda-da iň köp ulanylýanlarynyň biridir. Çopantelpegi gülläp başlanda, köküni alman ýygmak maslahat berilýär. Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda giňden ulanylýar. Bu dermanlyk ot rahatlandyryjy häsiýete eýe bolup, kiçi ýaşly çagalar we uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda  bolýan näsaglar üçin has-da peýdalydyr. Lukmançylykda bu ösümligi agyrysyzlandyryjy, köşeşdiriji, damar giňediji serişde hökmünde ulanýarlar. Şeýle-de, ol sowuklamada, guryagyryda, bogunlaryň çişmesinde haýyr edýar. Bu täsin ösümligi içege kesellerini bejermekde, gyzzyrmada, basykda (angina), dümewde çaý görnüşinde belli bir mukdarda içmekligi maslahat berilýär.

         Lukmanlar çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy we mindal ýagy bilen garyp, bu garyndyny birnäçe gat hassa siňdirip, ýüze daňylanda, ýüzüň ter bolmagyny, wagtyndan öň garramazlygyny üpjün edýändigini aýdýarlar. Ol serasty myşsalaryň kadaly işlemegine ýardam edýär, böwrek kesellerinde çopantelpekli, süýtli demlemäni içmeklik maslahat berilýär. Çopantelpegiň gülünden taýýarlanylýan saç ýuwujy serişdeler saça oňaýly täsir edýär. Şeýle hem bu ösümligiň gülleri allergik täsire garşy serişde hökmünde dürli melhemlere goşulýar. Ösümligiň efir ýaglary bolsa parfýumeriýada giňden ulanylýar.